Türkmenistan gaz pudagynyň tehniki kuwwatyny artdyrýar

Türkmenistan gaz pudagynyň tehniki kuwwatyny artdyrýar

15-nji ýanwarda Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Çärjew etrabynyň Malaý gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Bu waka Türkmenistanyň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda ýene-de bir möhüm ädim boldy.

Lebap welaýatynyň nebitgaz düzüminiň üstüni ýetiren täze senagat desgasynyň hem Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany şygary astynda geçýän 2021-nji ýylda öz işine başlaýandygy bellärliklidir.

Hut şu ýerde, nebitiň we gazyň iri ýataklarynyň üsti açylan gündogar sebitde Türkmenistan-Hytaý transmilli gaz geçirijisi başlanýar. Bu desgada Ýewraziýa yklymynyň halklaryny müňýyllyklaryň dowamynda baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek baradaky pikir öz beýanyny tapýar.

Bu energiýa geçirijisi XXI asyryň ägirt uly inžener-tehniki desgalarynyň biridir. Halkara gatnaşyklarynyň tejribesinde bu taslama hoşmeýilli erk-islegiň, netijeli hem-de oňyn döwletara hyzmatdaşlygynyň ajaýyp nusgasyna öwrüldi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan-Hytaý: telekommunikasiýa we maglumat tehnologiýalarynyň ösdürilmegi maslahatlaşyldy
TDH: Aşgabat we Pekin Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň taslamasy boýunça ylalaşdy
Türkmenistandan Hytaýa uzaýan 4-nji gaz geçirijiniň gurluşygy ylalaşyldy
TDH: Aşgabat we Pekin Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň taslamasy boýunça ylalaşdy
Türkmenistan Hytaýa iberiljek tebigy gazyň bahasyna täzeden sereder
Türkmen we Hytaý tarapy 4-nji gaz geçirijiden iberiljek gazyň bahasyny ylalaşar
Türkmen tebigy gazynyň Hytaýa ugradyljak möçberi kesgitlener