Türkmenistan Hytaý kompaniýasyndan buraw turbalaryny satyn alar

Türkmenistan Hytaý kompaniýasyndan buraw turbalaryny satyn alar

22-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmak, uglewodorod çig malynyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän mukdaryny artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanynyň garamagyna turbalary satyn almak barada Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Döwlet Baştutany Türkmennebit döwlet konserniniň dürli ölçegli buraw turbalaryny satyn almagy hakyndaky Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi we degişli tabşyryklary berdi.

Resminama laýyklykda, Türkmennebit döwlet konsernine degişli möçberde dürli ölçegli buraw turbalaryny satyn almak barada Hytaý Halk Respublikasynyň Honghua International Co., Ltd. kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Ýene degişli makalalar

15-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Hytaýyň syýahatçylyk kompaniýasy Aşgabat — Sanýa uçuşlaryny guramagy teklip etdi
“Hyundai Engineering” OGT-2023 halkara maslahatynyň bürünç hyzmatdaşy boldy
Pekinde ulag-logistika hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-hytaý gepleşikleri geçirildi
Türkmenistan bilen Hytaý Ýewropa uzaýan täze ulag geçelgelerini döretmegi meýilleşdirýär
CNPC-niň şahamçasy Türkmenistan bilen işgärleri taýýarlamak pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada gürrüň berdi
Türkmenistan we Hytaý syýahatçylygy ösdürmek, Aşgabat — Sanýa uçuşlaryny guramak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar