Metbugat azatlygy boýunça guramanyň “Serhetsiz reportiýorlar 2021” hasabatynda Türkmenistan bir basgançak ýokary çykyp, 179 orundan 178 orna çykdy.
2020-nji ýylda Türkmenistan iň yzdan ikinji orny, 2019-njy ýylda bolsa, iň soňky 180 orny eýeläpdi. 2021-nji ýylda dünýäde metbugat azatlygynyň iň ýaramaz ýurtlary Demirgazyk Koreýa we Eritreýa.
Hasabatyň awtorlary Türkmenistany “maglumat babatynda mydama giňeýän gara deşik” ýurt diýip atlandyrypdyr.
Hasabatda bellenşine görä, Türkmenistan dünýäde iň ýapyk ýurtlaryň biri we Demirgazyk Koreýadan başga öz çäginde Covid-19-yň bardygyny inkär eden ýeke-täk ýurt.
Merkezi Aziýada metbugat azatlygy iň erkin ýurt Gyrgyzystan we oňa 79 orun berilipdir. Gazagystana 155 orun, Özbegistana 157 orun we Täjigistana 162 orun berilipdir.
Bu hasabatda Russiýa 150 orny eýeleýär.The post Türkmenistan metbugat azatlygy boýunça reýtingde eýeleýän ornuny gowulandyrdy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.