Türkmenistan nebit burawlaýjylarynyň öndürijiligini ösdürmek baradaky şertnamany Hytaýyň şirketlerine berdi

Türkmenistan nebit burawlaýjylarynyň öndürijiligini ösdürmek baradaky şertnamany Hytaýyň şirketlerine berdi

24-nji iýunda geçen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebit-gaz pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Şahym Awdyrahmanow “Türkmennebitiň” burawlyjýlarynyň öndürijiligini ösdürmek üçin ýörite hyzmaty ýerine ýetirmek baradaky şertnamanyň Hytaýyň nebit-himiýa korporasiýasynyň (Sinopec) ýanyndaky Halkara nebit hyzmatlary şirketlerine berilýändigi bilen ilteşikli prezident Serdar Berdimuhamedowa gürrüň berdi.

Bu barada TDH döwlet täzelikler gullugy maglumat berýär. Kiçi Berdimuhamedow geleşigi makullap, nebitiň öndürilişini ösdürmek üçin pudaga öňdebaryjy praktikany giňden çekmegiň wajypdygyny belledi.

Soňra Awdyrahmanow Kaspiý deňziniň türkmen ýalpaklaryny özleşdirmegi çaltlandyrmak üçin Dragon Oil (Türkmenistan)LTD şirketi bilen bilelikdäki işleri amala aşyrmagyň meýilleşdirilýändigi, hususanda, önümleri paýlaşmak Ylalaşygy esasynda “Çeleken” territoriýasy barada gürrüň berdi.

Aýratynda, wise-premýer şirketleriň we “Türkmennebitiň” arasynda gol goýuljak ylalaşygyň şerti barada belledi. Şol bir wagtda,TDH bu şerti anyklaşdyrmady.

Berdimuhamedow teklip bilen ylalaşdy.The post Türkmenistan nebit burawlaýjylarynyň öndürijiligini ösdürmek baradaky şertnamany Hytaýyň şirketlerine berdi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Dragon Oil Türkmenistanyň nebiti we gazy 2023 halkara forumynyň göwher hemaýatkäri boldy
Dragon Oil Türkmenistandaky taslamalara uly möçberde maýa goýmagy meýilleşdirýär
"Dragon Oil" Türkmenistandaky işlerini ekologiýa taýdan howpsuz görnüşe geçirýär
Türkmenistanda nebitiň gazylyp alnyşy her gije-gündizde 300 000 barrele ýetiriler
Hytaý kompaniýasy Hazar şäherçesindäki deňiz portunyň ukybyny artdyrmaga ýardam edýär
“Dragon Oil” OGT-2023 halkara maslahatynyň we serginiň göwher hemaýatkäri boldy
Hazar şäherinden 40 kilometr uzaklykda Kaspide ýer yranma boldy