Türkmenistan oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirýär

Türkmenistan oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirýär

Türkmenistan bugdaý, pagta we gant şugundyryny öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmeklige ünsi güýçlendirýär. Şunuň bilen baglylykda, anna güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet Maslahatynda Türkmenistanda bugdaý, pagta we gant şugundyryny öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek hakynda Karara gol çekdi.

Neýtralnyý Türkmenistan gazetinde habar berlişi ýaly, bu resminama ýurduň oba hojalykçylaryny dänäniň, pagtanyň we gant şugundyrynyň bol hasylyny öndürmäge, bu ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga hem-de hojalyklarda mallaryň iým üpjünçiligini gowulandyrmaga bolan gyzyklanmasyny artdyrmaga gönükdirilendir.

Karara laýyklykda, 2022-nji ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýy, pagtany we şeker şugundyryny gaýtadan işlemekden alynýan iýmlik önümleriň 50 göterimini öndürijilere döwlet tarapyndan düzgünleşdirilýän bahalardan satmak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu çözgüdiň oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmekde hem-de ýurdumyzda azyk üpjünçiligini ýokarlandyrmakda ähmiýetli boljakdygyny aýtdy. Munuň özi önüm öndürijilere döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw berilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüler — diýip, ýurt Baştutany wise-premýere resminamadan gelip çykýan meseleleriň dogry ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki 42 desga satuwa çykarylýar
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi türkmen türgenleri üçin sport iýmitlerini satyn alar
Türkmenistanda 48 sany döwlet emlägi hususylaşdyrylar
Türkmenistan iki sany halkara aragatnaşyk ulgamyny gurmagy meýilleşdirýär
Türkmenistan Eýrana we Gazagystana çenli optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmegi meýilleşdirýär
Balkan welaýatynda kaustik we kalsinirlenen soda öndürýän zawod gurlar
Ispan kompaniýasy 2 million türkmeninstanlyny süýji suw bilen üpjün etjek taslamany durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýär