Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini iberer

Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini iberer

23-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystanyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Mohammad Fazel Saber bilen duşuşygy geçirildi.

Türkmen daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Owgan diplomatyna ýüzlenip Türkmenistanda Owganystanyň Host we Paktika welaýatlarynda bolan heläkçilikli ýer titreme baradaky habary çuňňur gynanç bilen kabul edilendigini belledi hem-de bu ýurduň halkyna gynanç we duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi.

DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň ýakyn wagtda Owganystanyň doganlyk halkyna ynsanperwer kömegini ýollamaga taýýardygy barada habar berdi. 22-nji iýuna geçilýän gije Owganystanyň günorta-gündogaryndaky Paktika welaýatynda bolup geçen ýer titremesi netijesinde 1000-den gowrak adam pida boldy, 1500-dan gowrak adam şikes aldy.

Sanlar ýene-de artyp biler. Öň, ABŞ-nyň Geologiýa gullugynyň habar bermegine görä, Owganystanda 6,1 magnitudaly ýer titreme bolup geçdi.

Ýene degişli makalalar

Energiýada Täze Ugur: Ortaýer Deňizi
Türkmenistanda 5,3 magnitýudly ýer yranmasy boldy
Kanadanyň “Condor Energies” kompaniýasy Gazagystanda litiý çykaryp başlar
Argentinada 6,6 bal ululygynda ýer titreme boldy
Alýaskada 7,2 bal ululygynda ýer titreme boldy
Indoneziýada we Peruda ýer titremeler boldy
Tongada ýer titremesi boldy