Türkmenistan Owganystana Ynsanperwer Kömegini Ugratdy

Halkynyň 98 göterimi azyk ýetmezçiligi çekýän ýurda goňşusy Türkmenistan kömek elini uzatdy.

Owganystanda ykdysady çökgünlik, çaknyşyklar, gurakçylyk bilen bilelikde gyş paslygynyň gelmegi halkyň ýagdaýyny hasam agyrlaşdyrýar, ýoksullyk günsaýyn artýar. Her 10 hojalykdan 8 sanysy ýeterlik iýmitlenip bilmeýär.

Owganystanyň bu ýagdaýyna Türkmenistan ünssiz çemeleşmedi, goňşusyna ýardam elini uzatdy. Prezident Serdar Berdimuhamedow Owganystana ykdysady, sosial we gumanitar ugurlarda köp taraplaýyn kömek bermek maksady bilen ýardam ugratmak hakyndaky Kararnama gol çekdi.

Owganystanyň Farýap welaýatnyň Garamogal etrabynda guralan dabarada halka azykdan, trikotaž önümlerinden we goşlardan ybarat ýardam paýlandy. Etrapda abatlanan saglyk öýi açyldy we lukmançylyk enjamlary hem-de derman bilen üpjün edildi. Ýurduň mekdeplerine okuw kitaplary berildi.

Owgan halky ýurtdaky syýasy durnuklylygyň ýola goýulmagy we ugradylan kömekler üçin Türkmenistana sagbolsun aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Talyban’ astyndaky durmuş: Etniki türkmenleriň Koştepa kanaly bilen bagly gorkulary we umytlary
Owgan türkmenleri jemgyýetde sowatlylygy artdyrmak boýunça täze kampaniýa girişdi
Owgan türkmenleriniň soňky protestleri we eýranly türkmenleriň hukuk aladalary
Owgan prezidentiniň Aşgabada eden resmi sapary tamamlandy
21.02.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda gepleşikler
Türkmenistanyň hökümetçi neşri türkmen-owgan serhedindäki ýagdaý 'adaty' diýýär
Türkmenistanda harby gullukdaky esgerleriň we atýaçdaky gullukçylaryň taýýarlyk derejesine alada bildirilýär