Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini ýollady

Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini ýollady

Ýakynda Owganystanyň Host we Paktika welaýatlarynda bolup geçen heläkçilikli ýer titreme bilen baglanyşykly Türkmenistandan Owganystana iberilen ynsanperwer ýük şu gün Kabula geldi.

Bu çäre, doganlyk halkyň başyna gelen tebigy betbagtçylyga dessin jogap beren Türkmenistanyň Prezidentiniň buýrugyna laýyklykda geçirildi.

Türkmenistan azyk harytlaryndan, däri-dermanlardan, arassaçylyk önümlerinden, we dürli hojalyk harytlaryndan ybarat bolan jemi 24,700 tonna ýük iberdi.

Owgan halkyna ynsanperwerlik kömegini ibermek, köp ýyllaryň dowamynda Türkmen döwleti tarapyndan amala aşyrylýan Owganystana yzygiderli goldaw bermegiň möhüm ugurlarynyň biridir.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-da ýaşaýan owganystanly türkmen žurnalistiniň 'täze dünýädäki' durmuş tejribeleri
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Owganystanda Guralan Hüjümde 3 Adam Ýogaldy
Russiýa Talibany terror guramalarynyň sanawyndan çykarmak boýunça iş alyp barýar
Owganystanda Guralan Hüjümde Ýogalanlaryň Sany Artdy
Türkmen wekiliýetiniň Brýussele amala aşyran sapary we Hazarüsti taslamasynyň mümkinçilikleri
Prezident Erdogan Çagalary Kabul Etdi