Türkmenistan Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

Türkmenistan  Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny şöhratlandyrmak, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek, ýaş neslimizi Türkmenistana uly buýsanç, çäksiz söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen, Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2021-nji ýyly Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany diýip yglan edildi.

Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebinde gyşky dynç alyşdan soň ilkinji okuw gününde 2021-nji ýyl Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly mynasybetli sergi gurnaldy.

Sergide nakgaş bölüminiň okuwçylary Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynda Watanymyzda we dünýä halklarynyň parahat, agzybir, ylalaşykda uly ösüşlere ýetmek barada alyp barýan işleri dogrusynda ajaýyp suratlary şekillendiripdirler.Hormatly Prezidentimiz ýaş nesle sagdyn, bilimli bolup öz saýlap alan hünärini kämilleşdirmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýär.

Sergileriň we bäsleşikleriň yzygiderli geçilmegi okuwçylaryň kämilleşmegine, dünýägaraýşynyň baý bolmagyna getirýär.Sergä gatnaşan okuwçylar, ýaşlar üçin döredip berýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Reňkler döwürleriň dessany atly sergi gurnaldy
Bagtyýarlyk baharynyň waspy
ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATYNDA BAGTYÝARLYK BAHARYNYŇ WASPY
“Müň bir öwüşginli sungat” atly söhbetdeşlik
Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda atly maslahat geçirildi we Dutaryňmukamy köňlümiň owazy atly sergi gurnaldy
“Asyrlardan gözbaş alan müdimi miras” atly maslahat
Aşgabatdaky Çagalar çeperçilik mekdebinde gobelenleriň sergisi açyldy