Türkmenistan Tokiodaky we Maýamidaky halkara syýahatçylyk sergilerine gatnaşar

Türkmenistan Tokiodaky we Maýamidaky halkara syýahatçylyk sergilerine gatnaşar

Türkmenistan 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde we ABŞ-nyň Maýami şäherinde geçiriljek halkara syýahatçylyk sergilerine gatnaşar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdelerine jogapkär orunbasary Mährijemal Mämmedowa anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa beren hasabatynda mälim etdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşine görä, wise-premýeriň hasabatynda esasan ýurdumyzyň syýahatçylygyny ösdürmek işlerine üns berildi.

Mämmedowa häzirki döwürde ýurdumyzda hususy syýahatçylyk edaralarynyň 70-e golaýynyň hereket edýändigini aýdyp, Medeniýet ministrligi tarapyndan bu ugurda döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilýändigini belledi.

Wise-premýeriň aýtmagyma görä, ýurdumyzyň syýahatçylyk düzümini dünýäniň syýahatçylyk taýdan ösen döwletleriniň derejesine çykarmak, pudakda hususy kärhanalaryň işini ösdürmek we mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen, giň möçberli işler amala aşyrylýar.

Hasabatda bellenilişi ýaly, geljekde hususy syýahatçylyk kärhanalary tarapyndan Hazarýaka döwletleriň arasynda syýahatçylyk gezelençlerini guramak boýunça täze ugurlary öwrenmek hem meýilleşdirilýär.

Wise-premýer şu ýylyň oktýabr aýynda Eýranyň Gülüstan welaýatynda geçiriljek Hazarýaka döwletleriniň arasynda syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ministrler derejesindäki maslahata gatnaşmagyň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.

Mundan başga-da, Türkmenistan baý taryhy-medeni mirasyny giňden wagyz etmek we ýurduň syýahatçylyk mümkinçiliklerini açyp görkezmek maksady bilen, 2023-nji ýylda halkara maslahaty geçirmegi göz öňünde tutýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyny ösdürmegiň, onuň ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegiň zerurdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ýene degişli makalalar

2023-nji ýylda Türkmenistanda syýahatçylyk boýunça halkara maslahat geçiriler
Türkmenistan syýahatçylyk ugurly iri halkara çärelere gatnaşar
Werstappen Formula-1-iň bassyr ikinji tapgyrynda ýeňiş gazandy
Suares Braziliýanyň Gremio toparynyň futbolçysy boldy
Kristiano Ronaldonyň täze kluby belli boldy
Kaka web-seriallaryň festiwalynda ýeňiji boldy