Türkmenistan Türki döwletler guramasyna agza bolar

Türkmenistan Türki döwletler guramasyna agza bolar

Geçen aý Aşgabadyň haýyşy boýunça Türkmenistanyň raýatlary üçin Türkiýä wizasyz syýahat düzgünini ýatyran türk resmileri öňümizdäki aý Türkmenistanyň Türki döwletler guramasyna doly agzalygynyň tassyklanjakdygyny aýdýarlar.

Türkmenistan Türki döwletler guramasynyň agzasy bolar diýip, Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly 29-njy sentýabrda mälim etdi. Guramanyň 11-nji noýabrda Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçiriljek sammitinde Türkmenistanyň agzalygynyň tassyklanylmagyna garaşylýar. Bu barada türkmen metbugaty Türkiýäniň döwlet eýeçiligindäki “Anadolu” habar agentligine salgylanyp habar berýär.

2021-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistan bu gurama synçy agza hökmünde kabul edilipdi.

Türkmenistanyň agzalygy baradaky habarlar Türkiýe döwletiniň türkmenistanlylar üçin wizasyz syýahat düzgnüni ýatyrmagynyň yz ýanyna gabat gelýär.

Ýatlasak, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 3-nji sentýabrda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin beýanat çap edip, türkmen tarapynyň Türkiýe döwletinden öz raýatlary üçin dürli görnüşli wiza düzgüniniň girizilmegini sorandygyny mälim etdi.

Şondan 10 gün soň, 13-nji sentýabrda Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan degişli karara gol çekip, ozal Türkiýä 30 gün möhlet bilen wizasyz syýahat edip bilýän türkmenistanlylar üçin wiza talabyny girizdi.

Has ozal, 2021-nji ýylyň oktýabrynda Azatlyk Radiosynyň ygtybarly çeşmeleri şol wagt Türki geňeş atlandyrylan Türki döwletler guramasyna agzalygyň şerti hökmünde Aşgabadyň türk döwletinden Türkiýede emele gelen türkmen protest hereketiniň basylyp ýatyrylmagyny sorandygyny habar beripdiler.

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklardan, giň ýaýran işsizlikden halas bolmak üçin, eklenç gözleginde Türkiýä göçüp baran ýüzlerçe müň türkmenistanlynyň arasynda, global koronawirus pandemiýasynyň fonunda durmuş kynçylyklarynyň has-da agyrlaşmagy bilen, türkmen hökümetine garşy protest hereketi emele geldi. Şeýle meýilleriň arasynda garşylyk hereketine goşulan türkmenistanlylar wagtal-wagtal türk we türkmen häkimiýetleriniň nyşanasyna öwrüldi.

Bu aralykda, türkmen tarapynyň haýyşy bilen Türkiýe türkmenistanlylar üçin wiza talabyny girizdi.

Türkmenistanyň türki ýaranlyga agzalyk ähtimallygy baradaky habarlar 2018-nji ýylda has aýdyň ýüze çykyp başlady.

2018-nji ýylyň sentýabr aýynda gazak metbugatynda çykan habarlar Türkmenistanyň Türki geňeşe agzalygynyň hakykata öwrülmek ähtimallygyny tassyklady.

Türkmenistan şu wagta çenli bu gurama agzalykdan, synçylara görä, özüniň hemişelik bitaraplyk syýasatyna salgylanyp, gaça durýardy. Ýöne dünýäde emele gelen ýagdaýlar, hususan-da sebitiň täze reallyklary Türkmenistany täze ýaranlyklara goşulmaga iterdi.

Türki döwletler bilen ýakyn hyzmatdaşlyga ymtylýan Türkiýe öňden bäri Türkmenistany gurama agzalyga çagyryp gelýärdi.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan 2020-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň bitaraplyk baýramy mynasybetli çap eden wideo gutlagynda Türkmenistany gurama agzalyga çagyrdy.

Munuň yz ýany, 2021-nji ýylyň 31-nji martynda Türki geňeşe agza ýurtlaryň döwlet baştutanlarynyň pandemiýa sebäpli wideoaragatnaşyk arkaly geçiren ýygnagynda Erdogan bu çagyryşyny gaýtalady.

“Dünýäde bolup geçýän özgerişler Türk Geňeşi ýaly hyzmatdaşlyk gurluşlarynyň ähmiýetini has-da artdyrýar” diýip, Erdogan şol sammitde eden çykyşynda aýtdy.

2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda gurama agza ýurtlaryň döwlet baştutanlarynyň Stambulda geçiren sammitine Türkmenistan synçy agza hökmünde gatnaşdy.

Munuň yz ýany, 2022-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň öňki prezidenti, Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki döwletler guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň agzasy boldy.

Gurama şonda Berdimuhamedowyň Ýaşulular geňeşine gatnaşmagynyň Türkmenistanyň syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda türk dünýäsi bilen köpugurly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyna itergi boljakdygyny aýdyp, ýörite beýanat çap etdi.

Häzirki wagtda Türkiýe, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Özbegistan TDG-nyň doly agzasy, Wengriýa we Türkmenistan synçy agzasy bolup durýar. Gurama, ilkibaşda, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk guramasy (Türk Geňeşi) hökmünde 2009-njy ýylda esaslandyryldy.

Gurama 3-nji oktýabrda döredilmeginiň 13 ýyllygyny belleýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Mewlüt Çawuşogly Şwesiýanyň NATO agzalygy barada beýanat berdi
Mewlüt Çawuşogly iordaniýaly kärdeşi Safadi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Türkiyäniň raýatlarynyň Sudandan ewakuasiýa tapgyry tamamlandy
Mewlüt Çawuşogly finlýandiýaly kärdeşini gutlady
Çawuşogly: "Energiýa üpjünçiliginde Ýewropanyň möhüm aktory ýagdaýyna geldik" diýdi
Çawuşogly: "Eden-etdiliklere ýol bermeris" diýdi
Türkiýe Enegetika Boýunça Global Güýje Öwrüldi