Türkmenistan üç ýyllyk döwlet býujetlerini düzmeklige geçýär

Türkmenistan üç  ýyllyk döwlet býujetlerini düzmeklige geçýär

24-nji iýunda, anna güni prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi diýip TDH döwlet täzelikler gullugy maglumat berýär.

Ilkinji bolup, ykdysady meseleler boýunça wise-premýer Muhammetguly Muhammedow hasabat berdi we 2020-nji ýylyň döwlet býujetiniň işlenip taýýarlanyşy, şeýlede 2025-nji ýyldan orta möhletli býujet meýilnama geçmegiň planlaşdyrylýandygy hem “wagtyň hakykatlaryny hasaba alyp” bu pudakda dolandyryşy gurnamak barasynda gürrüň berdi.

Býujeti orta möhletli meýilleşdirmäge geçmek döwlet býujetini owalyndan üç ýyla düzmegi, şeýlede býujetleriň ýerine ýetirilişine gözegçilik etjek ýörite döwlet toparyny döretmegi göz öňünde tutýar.

Muhammedowyň sözlerine görä, reformalar “wagtyň hakykatlaryny hasaba alyp” geçirilýär.

Kiçi Berdimuhamedow “häzirki şertlerde” ykdysady kadalaşdyrmany dogry we sowatly amala aşyrmagyň örän wajypdygyny belledi.

Şeýlede wise-premýer Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde täze howa menziliniň gurluşygynyň maliýeleşdirilişi barada gürrüň berdi. Bu taslamany durmuşa geçirmäge Abu Dabi Ösüş Gaznasynyň, Merkezi Bankyň we Daşaryykdysady bankyň karzlary ulanylar.

2021-nji ýylyň iýunynda Abu Dabi Ösüş Gaznasy iki desganyň gurluşygy üçin Türkmenistana 100 milýon dollar bölüp berdi: 75 milýon dollar, sagatda 100 ýolagçyny ýollamak mümkinçiligi bolan Jebel howa menzilini, 25 milýon dollar bolsa, ”Altyn Asyr” kölünde 10 megawatt kuwwatly gibrid elektrik merkezini gurmaga berildi.The post Türkmenistan üç ýyllyk döwlet býujetlerini düzmeklige geçýär first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Sekiz müňden az adam ýaşaýan Jebelde Halkara howa menziliniň gurluşygyna başlandy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary tamamlandy
“Türkmen kaolin” AGPJ-nyň kaolin önümhanasynyň düýpli abatlaýyş-bejeriş işleri tamamlaýjy tapgyrda
Türkmenistanda Hasyl toýy bellenildi, Mejlisiň deputatlary Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetini kabul etdiler, Aşgabatda hindi sarisiniň bäsleşigi geçirildi we beýleki habarlar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmen kaolin açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti döredildi