Türkmenistan ulag pudagynda halkara hyzmatdaşlygy güýçlendirýär

Türkmenistan ulag pudagynda halkara hyzmatdaşlygy güýçlendirýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow sişenbe güni BMG-niň ýanyndaky Ulag diplomatiýasynyň Halkara merkeziniň Ýerine ýetiriji sekretary Igor Runow bilen sanly ulgam arkaly maslahat geçirdi.

Onuň dowamynda taraplar sebitiň we ýurduň ulag infrastrukturasyny kämilleşdirmek ýoly arkaly ýurtlaryň arasyndaky özarabaglanyşygyň gowulandyrylmagyna gönükdirilen hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Raşid Meredow Türkmenistanyň ulag-üstaşyr geçelgeleriniň, hususan-da “Lapis-Lazuli” geçelgesiniň, üstaşyr geçelge boýunça Aşgabat ylalaşygynyň (Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman), “Hazar deňzi-Gara deňzi” başlangyjynyň çäklerindäki ulag geçelgeleriniň hem-de “Gündogar-Günbatar” we “Günorta-Demirgazyk” ugurlary boýunça beýleki sebitara ulag köprüleriniň hukuk we logistiki binýadyny pugtalandyrmagy dowam etdirýändigini tassyklady.

Türkmen tarapy 2022-nji ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň 2022-2025-nji ýyllar üçin Ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň Maksatnamasyny kabul edendigini belledi. Bu maksatnamada Türkmenistanda ulaglaryň ähli görnüşleriniň maddy-tehniki binýadynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna we mundan beýläk hem ýurduň halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň sebit merkezi hökmünde derejesiniň berkidilmegine gönükdirilen strategiki möhüm çäreler göz öňünde tutulandyr.

Şeýle hem, taraplar 2022-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň Ulag ministrleriniň Halkara maslahatyna taýýarlyk meselelerine garadylar.

Duşenbe güni Wena şäherinde “Türkmenistan - ÝHHG: ulag we logistika ösüş ulgamynda sebitleýin hyzmatdaşlyk” atly gibrid formatda sebitleýin maslahat geçirildi.

Bu çäre ulag we logistika ösüşinde sebitleýin hyzmatdaşlyga aýratyn üns bermek bilen Merkezi Aziýanyň häzirki möhüm ykdysady meselelerine gönükdirildi. Maslahatyň dowamynda türkmen tarapy Türkmenistanyň durnukly ulag we logistika pudagyndaky meýilnamalary we başlangyçlary bilen tanyşdyrdy.

Ýene degişli makalalar

17-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
Türkmenistanda Ýewropanyň kompaniýalarynyň hyzmatlar merkezlerini açmak maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň DIM-nde Gruziýanyň Parlamentiniň başlygy bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýyl: Türkmenistanda Awstriýa öýi açylar
Ekspert: Türkmenistan Günbatara gaz ibermegiň mümkinçiliklerine 'çynlakaý' çemeleşip başlady
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Awstriýa bolan saparynyň çäginde üç sany halkara resminama gol çekildi
Türkmenistanyň we Awstriýanyň DIM-niň ýolbaşçylary hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler