Türkmenistan Warşawanyň adam ölçegleri maslahatynyň esasy mejlisinde çykyş etdi

Türkmenistan Warşawanyň adam ölçegleri maslahatynyň esasy mejlisinde çykyş etdi

Türkmenistanyň wekiliýeti ÝHHG-niň Polşa ýolbaşçylygy tarapyndan gurnalan Warşawanyň adam ölçegleri maslahatynyň esasy mejlisinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Beýanatda Türkmenistanda demokratiýanyň, adam hukuklarynyň, demokratik institutlarynyň gazananlary, kabul edilen täze kanunlar we ýurtda bolup geçýän beýleki oňyn üýtgeşmeler bellenildi.Türkmenistanda çuňňur özgerişlikleriň bolup geçýändigi, adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň gurallaryny has-da kämilleşdirmek üçin kanunçylyk, institusional we dolandyryş çäreleriniň görülýändigi we bu ugur döwlet baştutany, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýandygy bellenildi. Şeýle hem, gatnaşyjylara halkara hukugynyň kadalarynyň Türkmenistanyň milli kanunçylygynda yzygiderli ýerine ýetirilýändigi habar berildi.

Bu işiň ýerine ýetirilişini göz öňünde tutup, täze meseleler anyk kesgitlenilýändigi we adam hukuklary babatynda halkara borçnamalarynyň we ülňüleriniň yzygiderli ýerine ýetirilmegini üpjün edýän milli kanunçylygy mundan beýläk-de özgertmek üçin durmuşa geçirilýändigi barada beýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Ukrainanyň oba hojalyk önümleriniň Polşadan geçmegi gadagan edildi
Türkmen dzýudoçylary Warşawa şäherinde geçirilen halkara bäsleşikde 2 medala mynasyp boldular
Polşanyň howa giňişliginde üç sany näbelli jisim anyklandy
Geçen hepde: Türme habarlary, adam ölçegleri maslahaty we häkimiýetleriň 'ahlak sapaklary'
Begmedowa: Biz demokratik üýtgeşmelere ymtylýan ýaş nesillerimize goldaw bermeli
ABŞ-nyň ÝHHG-daky hemişelik wekili Türkmenistanda häkimiýetiň dinastiýa arkaly geçirilmegini tankytlady
ABŞ-nyň ÝHHG-daky hemişelik wekili Türkmenistanda häkimiýetiň dinastiýa arkaly geçirilmegini tankytlady