Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygynda täze tapgyry açdylar

Türkmenistan we Azerbaýjan energetika hyzmatdaşlygynda täze tapgyry açdylar

Şu gün türkmen paýtagtynda Hazar deňzindäki Dostluk ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Prezident Ilham Aliýew onlaýn görnüşinde bu möhüm resminamanyň kabul edilmegini mübäreklediler.Bu resminamada gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk we dostlukly türkmen-azerbaýjan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesi beýan edilýär.

Gol çekmek dabarasynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramowy kabul etdi.

Ýene degişli makalalar

Günorta Kawkazdaky möhüm wakalar
Azerbaýjanyň we Ermenistanyň Daşary Işler Ministri Berlinde Duşuşdy
Azerbaýjanyň we Ermenistanyň Daşary Işler Ministri Berlinde Duşuşar
Azerbaýjanyň Prezidenti täze hökümetiň düzümini tassyklady
Türkiyäniň Daşary işler ministri Azerbaýjana sapar gurar
Ermenistan Azerbaýjan Bilen Gepleşikleri Dowam Etdirer
Lawrow Baýramow Bilen Duşuşdy