Türkmenistan we BMG-niň ýanyndaky Ulag diplomatiýasynyň Halkara merkezi hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini maslahatlaşdylar

21-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň ýanyndaky Ulag diplomatiýasynyň Halkara merkeziniň Ýerine ýetiriji sekretary Igor Runow bilen onlaýn duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar sebitiň we ýurduň ulag infrastrukturasyny kämilleşdirmek ýoly arkaly ýurtlaryň arasyndaky özara baglanyşygyň gowulandyrylmagyna gönükdirilen hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň ulag-üstaşyr geçelgeleriniň, hususan-da Lapis-Lazuli geçelgesiniň, Aşgabat ylalaşygynyň üstaşyr geçelgesiniň (Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman), Hazar deňzi Gara deňiz başlangyjynyň çäklerindäki ulag geçelgeleriniň hem-de Gündogar-Günbatar we Günorta-Demirgazyk ugurlary boýunça beýleki sebitara ulag köprüleriniň hukuk we logistiki binýadyny pugtalandyrmagy dowam etdirýändigini tassyklady.

2022-nji ýylyň ýanwarynda Türkmenistanda ulaglaryň ähli görnüşleriniň maddy-tehniki binýadynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna we mundan beýläk hem ýurduň halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň sebit merkezi hökmünde derejesiniň berkidilmegine gönükdirilen strategiki möhüm çäreler göz öňünde tutulan Türkmenistanyň 2022-2025-nji ýyllar üçin Ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň Maksatnamasyny kabul edendigi bellenildi.

Taraplar şeýle hem 2022-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň Ulag ministrleriniň Halkara maslahatyna taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň DIM-nde Gruziýanyň Parlamentiniň başlygy bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanda Ýewropanyň kompaniýalarynyň hyzmatlar merkezlerini açmak maslahatlaşyldy
17-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
27-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistan Awstriýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrýar
Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
Türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi boýunça pikir alşyldy