TÜRKMENISTAN WE EÝRAN YKDYSADY HYZMATDAŞLYGYŇ GIŇELDILMEGINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

TÜRKMENISTAN WE EÝRAN YKDYSADY HYZMATDAŞLYGYŇ GIŇELDILMEGINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2022-nji ýylyň 23-nji maýynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde netijeliligi ýokarlandyrmak we tanymallygy artdyrmak boýunça geçirilen mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W. Hajiýewiň Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mehdi Safari bilen duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar ykdysady hyzmatdaşlygyň, öňi bilen energetika, ulag we üstaşyr ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini ara alyp maslajatlaşdylar.

W.Hajiýew iki ýurduň arasynda sebitleýin integrasiýasy nukdaýnazaryndan hem özara söwdanyň we ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegini nygtady.

M.Safari ähmiýeti has hem ösýän EYR-nyň Demirgazyk-Günorta ugry boýunça ýük daşamalary ulgamynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň hem-de nebit, gaz we elektroenergiýa, üstaşyr geçelgeleri pudaklarynda gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň wajypdygyny belledi.

Ýene degişli makalalar

Zanzibarda deňiz pyşbagasyny iýen 9 adam ýogaldy
11-nji dekabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň giňişleýin mejlisini geçirdi, Türkmen howa ýollary Aşgabat Moskwa ugry boýunça dowamly ýolagçy gatnawlaryny dikelder, Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni bellenildi we beýleki habarlar
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary işler ministriniň täze orunbasarlaryny belledi
Sumgaýtda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäre geçirildi
Türkmenistan Bütindünýä poçta birleşigi bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy