Türkmenistan we Türkiýe parlamentara gatnaşyklaryny ösdürýär

Türkmenistan we Türkiýe parlamentara gatnaşyklaryny ösdürýär

18-nji noýabrda paýtagtymyzdaky Oguzkent myhmanhanasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ýurdunyň parlament toparyna ýolbaşçylyk edip, sapar bilen Aşgabada gelen Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop bilen duşuşygy boldy.

Türkmenistan we Türkiýe ählumumy giňişlikde, halkara düzümleriň meýdançalarynda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ylalaşykly hereket edýär.Halkara energetika howpsuzlygy, ulag ulgamlaryny ösdürmek, howanyň üýtgemegi we maglumat howpsuzlygy ýaly möhüm ugurlardaky netijeli gatnaşyklar hem-de birek-birege goldaw berilmegi munuň aýdyň beýanydyr diýip, hormatly Arkadagymyz Türkiýäniň Türkmenistanyň teklibi boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalarynyň 17-sine awtordaş bolup çykyş edendigini minnetdarlyk bilen nygtady.

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy parlament diplomatiýasynyň eýeleýän ornuna ünsi çekip, onuň sebit we ählumumy meseleleri kadalaşdyrmakda, durnuklylaşdyrmakda netijeli gural bolup çykyş edýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, myhman parlamentara dostluk toparlarynyň we Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň işiniň aýratyn ähmiýetini belledi.

Giňişleýin düzümdäki duşuşyk tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminama gol çekmek dabarasy boldy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.

Soňra dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýäniň parlamentiniň ýolbaşçysyny Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin ordeni bilen sylaglamak hakynda Permany okaldy. Resminamada bellenilişi ýaly, Mustafa Şentop bu ýokary sylagyna döwletara hyzmatdaşlygyň mazmunyny baýlaşdyrmaga goşan goşandy üçin mynasyp boldy.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Çagalary Kabul Etdi
Eýranda 3 Adam Dara Çekildi
Türkmenistanda täze athana açyldy, Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyr gurluşyklarynyň taslamalary bilen tanyşdy, Türkmenistan — Özbegistan futbol duşuşygynyň petekleri satylyp başlandy we beýleki habarlar
Ilçi Hoseýn Ali Mustafa Gannam Palestina iberilen ynsanperwerlik kömegi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi
Atatürki Uly Hormat Bilen Hatyralaýarys
Döwlet Ýolbaşçylary Atatürkiň Aramgähine Bardy
Türkiýe Olimpiadalarda