Türkmenistana 150 sany täze taksi awtoulagy gelip gowuşdy

Türkmenistana 150 sany täze taksi awtoulagy gelip gowuşdy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň tehniki parkynyň üsti satyn alnan “Toyota Corolla” kysymly taksi awtoulaglarynyň 150-si bilen ýetirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Täze taksi awtoulaglarynda bank kartlary arkaly nagt däl görnüşde töleg geçirmek üçin elektron planşetler hem göz öňünde tutulandyr.

Awtoulaglarda GPS ulgamynyň abzallary oturdylyp, munuň özi awtoulag serişdesiniň islendik wagtda nirede ýerleşýändigini kesgitlemäge we sürüji tarapyndan tizlik derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.

Täze “Toyota Corolla” kysymly taksi awtoulaglary dünýä ülňüleriniň howpsuzlyk, ygtybarlylyk, ekologik talaplaryna doly laýyk gelýär.

Türkmenistanyň awtoulag düzüminiň maddy-tehniki binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy ýolagçylara berilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmaga ýardam berýär diýlip, habarda aýdylýar.

Türkmenistanda awtoulag hyzmatlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen dürli kysymly ýokary amatlyklary bolan awtoulag serişdelerini satyn almak barada şertnamalaryň birnäçesi baglaşyldy.

Ýene degişli makalalar

Arkadag şäherinde we Ahal welaýatynda taksi çagyrmak hyzmaty işe girizildi
Duralga programmasy Aşgabatda awtobuslaryň hereketini yzarlamaga kömek edýär
Türkmenistanda täze ýolagçy awtomenzilleriniň 4-si açylar
Aşgabada täze taksi awtoulaglarynyň 150-si getirildi
Ýurdumyza Toyota Corolla taksileriň 150-si gelip gowuşdy 
Prezident Berdimuhamedow Aşgabada 150 taksini “sowgat etdi”