Türkmenistana ilat ýazuwy üçin gerekli enjamlaryň ilkinji tapgyry gowşuryldy

Türkmenistana ilat ýazuwy üçin gerekli enjamlaryň ilkinji tapgyry gowşuryldy

Türkmenistanyň 2022-nji ýylyň dekabr aýynyň 17-27 aralygynda geçiriljek ilat we ýaşaýyş jaý gorunyň doly ýazuwyna taýýarlygyň çäklerinde BMG-niň Ilat Gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy (UNFPA) penşenbe güni Döwlet statistika komitetine gerekli enjamlaryň ilkinji tapgyryny gowşurdy.

UNFPA tarapyndan gowşurylan enjamlaryň hatarynda 180 sany kompýuter, döwrebap serwerler we ammarlar bardyr. Bu döwrebap serwerler we ammarlar planşetlerdäki maglumatlary Döwlet statistika komitetiniň merkezi maglumatlar bazasyna awtomatiki geçirmäge mümkinçilik berer we ilat ýazuwy maglumatlarynyň takyklygyny hem-de hilini üpjün eder. Bu barada UNFPA metbugat beýanatynda habar berýär.

Enjamlaryň satyn alynmagy Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan UNFPA bilen Döwlet statistika komitetiniň ýakyn wagtda geçiriljek ilat ýazuwyna taýýarlyk işlerini goldamak üçin berilýän serişdelerini ulanmak arkaly amala aşyrylýar.

11 günlük ilat ýazuwynyň çäginde hünärmenler dört dürli sorag bölüminde ilatdan maglumatlary ýygnarlar. Birinji sorag bölegi ýaşaýyş jaý meselesini öz içine alar. Ikinji bölüm bolsa, raýatlaryň jaýyň içindäki desgalara we hyzmatlara elýeterliligine ünsi çekýär.

Ilat ýazuwynyň üçünji we dördünji soragnamasy öýde ýaşaýanlaryň sanyny, ýaşyny, milletini, jynsyny, doglan ýerini, dilini, raýatlygyny, maşgala ýagdaýyny, çagalaryň we ulularyň bilimini, iş ýagdaýyny we girdeji çeşmesini hasaba almaga mümkinçilik berer.

Bellenilişi ýaly, ilat ýazuwy maglumatlary ilatyň ululygy we aýratynlyklary barada iň täze maglumatlara eýe bolmak, jemgyýetiň düzümindäki üýtgeşmeleri yzarlamak üçin zerur hasaplanýar.

2022-nji ýyldaky ilat ýazuwyna taýýarlyk işleriniň bir böleginiň çäklerinde şu ýylyň aprel aýynda UNFPA ýokary derejeli BMG hünärmenleriniň Türkmenistana saparyny gurady. Olar ýetip gelýän ilat ýazuwyna taýýarlyk işleriniň gidişi bilen tanyşdy.

Ýene degişli makalalar

Hindistan ilat sany boýunça dünýäde birinji orna çykdy
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary UNFPA-nyň wekiliýeti bilen duşuşdy
Aşgabatda UNFPA-nyň gender meseleleri boýunça Geňeşçisi kabul edildi
Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň ýolbaşçy komitetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi
18-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
Stambul Türkiyäniň iň köp ilatly şäheri
5-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy täzelikleri Turkmenportal