Türkmenistanda awgustda Hazar deňzini goramak boýunça maslahat geçiriler

Türkmenistanda awgustda Hazar deňzini goramak boýunça maslahat geçiriler

Şu ýylyň 12-nji awgustynda Hazar deňziniň güni mynasybetli “Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak boýunça hyzmatdaşlyk” atly ylmy-amaly maslahat geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa anna güni Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisiniň dowamynda wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýew hasabat berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, döwlet Baştutanymyz Hazar deňziniň ekologiýa taýdan abadançylygyny saklamagyň Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere Hazar deňziniň gününe bagyşlanan ylmy-amaly maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Şu ýylyň iýul aýynyň başynda Sankt-Peterburgda, rus tarapynyň başlangyjy bilen, Hazarýaka döwletleriniň Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Russiýanyň Baş prokurorlarynyň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň netijesinde Hazarýaka döwletleriniň Baş prokurorlarynyň daşky gurşawy goramak we Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryndan peýdalanmak babatynda hyzmatdaşlygy baradaky Jarnamasyna gol çekildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkimi bir aýdan soň bellendi
Türkmenistan Gazagystana tebigy gaz berer
Prezident Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyndaky oba hojalyk işlerinden nägile
Daşoguz welaýatynyň häkimine berk käýinç yglan edildi
E.Orazgeldiýew oba hojalyk boýunça wise-premýer wezipesinden boşadyldy
AST boýunça wise-premýere tiz-tizden etraplara aýlanmak, kanallary arassalamak we suwy tygşytlamak tabşyryldy