Türkmenistanda Awtoulag kärhanalar birleşiginiň gurluşygy tamamlandy

Türkmenistanda Awtoulag kärhanalar birleşiginiň gurluşygy tamamlandy

23-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow döwlet Baştutanyna Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň ugrunda Awtoulaglar kärhanalar birleşiginiň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Wise-premýer Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2018-nji ýylyň 11-nji aprelinde gol çeken Awtoulag kärhanalar toplumyny we Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň okuw-türgenleşik merkezini gurmak hakyndaky Kararyna laýyklykda, häzirki wagtda gurluşyk işleriniň doly tamamlanandygyny aýtdy.

Türkmenawtoulaglary” agentliginiň edara-kärhanalarynyň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, täze gurulýan döwrebap kärhanalar toplumynyň binasynda Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasyny, Awtoulaglar mekdebini hem-de “Awtomobil ulag hyzmaty” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini ýerleşdirmek göz öňünde tutuldy.

Bu awtoulag kärhanalar toplumynyň işini utgaşdyrmak maksady bilen, ýokarda agzalan taraplaryň paýly gatnaşmagynda paýly Awtoulag kärhanalar birleşigi açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti döredildi. Täze Awtoulaglar mekdebi zerur desgalar we enjamlar bilen üpjün edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenawtoulaglary agentliginiň işine ünsi çekdi we bu ulgamy döwrebaplaşdyrmagyň hem-de onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmagyň wajypdygyny nygtady hem-de wise-premýere desganyň açylyş dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek barada anyk tabşyryklary berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkiyäniň awtoulag önümçiligi artdy
Balkan: PÝGG goýy reňkli awtoulaglary 'awlaýar', zenan sürüjilere basyşy güýçlendirýär
Türkiýäniň Awtoulag Pudagynyň Eksporty Artdy
1990-njy ýyldan öň öndürilen köne awtoulaglar polisiýa bölümlerinde ýörite hasaba alnyp başlandy
Minnihanow: Türkmenistanda Aurus awtoulaglaryna uly isleg bidlirilýär
Türkmenistan we Eýran adaty ýük gatnawyny gaýtadan dikeldýär
Ýewropada satylan ulaglaryň bäşden biri elektrik energiýasy bilen işleýär