Türkmenistanda Firdowsi barada ýörite dabara geçirildi

Türkmenistanda Firdowsi barada ýörite dabara geçirildi

Türkmenistan Respublikasynyň paýtagty Aşgabatda Muhammet Azadi ýokary okuw jaýynyň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň Pars dil bölüminiň gatnaşmagynda söz ussady Abolghasem Firdowiniň hormatyna ýörite dabara geçirildi.

IRNA-nyň habaryna görä, sişenbe güni saglyk görkezmelerine laýyklykda geçirilen dabarada ýokary okuw jaýyň başlygy "Maral Gulyýewa" Eýran bilen Türkmenistan Respublikasynyň arasyndaky 30 ýyllyk we netijeli hyzmatdaşlyga we Dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ünsi çekdi, şeýle hem Türkmenistanyň prezidentiniň dostlukly gatnaşyklara we hoşniýetli goňşuçylyk esasynda hyzmatdaşlygyň derejesiniň hasam ýokarlandyrylmagyna umyt bildirenligini aýtdy.

Gulyýewa, Eýranyň Aşgabatdaky ilçisi Golam Abbas Arbab hales-iň we Eýran Yslam Respublikasynyň Ilçihanasynyň medeni geňeşçisi Navid Rasouliniň, ilçihananyň diplomatlarynyň, uniwersitetiň başlygy we Muhammet Azadi ýokary okuw jhaýynyň daşary ýurt dili mugallymlar toparynyň, pars talyplary toparynyň gatnaşmagynda geçirlen bu dabarada Iki ýurdyň halkara guramalaryna, esasanam Birleşen Milletler Guramasynyň çägindäki hyzmatdaşlyklary we sebitiň parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy ýaly meseleler hakda gürrüň berdi.

Daşary ýurt diller boýunça Muhammet Azadi ýokary okuw jaýynyň başlygy 1990-njy ýylda bu uniwersitetde pars dili bölüminiň döredilenligine hemde Talyplaryň Eýran diline, edebiýatyna we medeniýetine bolan gyzyklanmasy uniwersitetde pars dili okuwçylary üçin okuw kitaby hökmünde Gurbanguly Berdimuhammedowyň "Atanyň islegini ýerine ýetirýän agtygy" atly kitabynyň pars diline terjime edilenligine yşarat edip Pars dili okuwçylary öz ugurlary bilen baglanyşykly çärelere we programmalara höwes bilen gatnaşýarlar we Firdowsi, Saadi, Haýýam, Rumi, Roudaki we Anwari ýaly tanymal eýran şahyrlarynyň durmuşyny we eserlerini öwrenýärler diýip beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Eýran Yslam Respublikasy Türkmenistandaky täze ilçisini belledi
Aşgabatda Hafyz Şiraza bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Pars şygryýeti, edebiýaty we Şahriýary ýatlama atly çäre geçirildi
Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik işini tamamlaýar
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE DEŇZE ÇYKALGASY BOLMADYK DÖWLETLERIŇ HALKARA ULAG MASLAHATYNYŇ NETIJELERINE BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI
Deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ulag ministrleriniň Halkara maslahatynyň netijelerine bagyşlanan brifing