Türkmenistanda orta mekdepleriniň uçurymlarynyň goşuna alynmagy gijikdiriler

Türkmenistanda orta mekdepleriniň uçurymlarynyň goşuna alynmagy gijikdiriler

Türkmenistanyň orta bilim berýän mekdeplerini tamamlaýan uçurymlaryň goşuna alynmagy gijikdiriler.Bu barada 14-nji iýunda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslhatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdyň ýaşlar döwlet syýasatyna, bu ugurda milli kanunçylygy mundan buýana ösdürmegiň esasy ugurlaryna bagyşlanan ýaşlar bilen duşuşykda aýtdy diýip hökümetiň tarapdary bolan neşirler habar berýärler.

Berdimuhamedowyň sözlerine görä, Türkmenistanyň “Ýaşlar barada döwlet syýasatynyň” 20-nji maddasyna düzedişler has dogrusy, goşmaça bölek giriziler.

18 ýaşyna giren mekdep okuwçylary pesinden güýzki çagyryşa çenli goşuna alynmagyny gijikdirip bilerler. Şunlukda, eger olar synaglaryny tabşyryp bilseler, onda ýokary ýa orta okuw jaýlaryna girmäge we okuwyny dowam etdirmäge mümkinçilik alýarlar diýip neşirler belleýärler.

Şol bir wagtyň özünde, mundan owal “Türkmenistanyň Hronikasynyň” ýazmagyna görä,

9-njy iýunda uly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna saparynyň çäginde Seýitnazar Seýdi adyndaky Mugallymlar institutynyň mugallymlary we studentleri bilen duşuşygynda “ orta mekdebi tamamlan uçurymlaryň ilkinji ýyl ýoj-na girip bilmeýändigi üçin olara işe ýerleşmäge kömek etmelidigini” belledi.

Türkmen dilindäki garaşsyz media serişdeleriniň maglumatlaryna laýyklykda, Türkmenistanda orta mekdebi tamamlan uçurymlar ýa-da daşary ýurtlardan gelen raýatlar goşuna alynýarlar.The post Türkmenistanda orta mekdepleriniň uçurymlarynyň goşuna alynmagy gijikdiriler first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly Pyraga bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
Magtymguly sözle bu şirin dilde
Türkmenistanyň gündogar sebitinde döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri daşky gurşawy goramak boýunça onlaýn konferensiýa gatnaşdy
Türkmenabatdaky teatrda Altyn balyk atly sahna oýnunyň görkezilişi boldy
Türkmenistanda gyşky dynç alyş möwsümi dowam edýär
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde aspiranturada we doktoranturada täze hünärler açyldy