Türkmenistanda Sputnik V sanjymynyň synag işlerine girişildi

Türkmenistanda Sputnik V sanjymynyň synag işlerine girişildi

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Amannepesow 22-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde ýurtda keselleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigi barada aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan öz çäklerinde “Sputnik V” sanjymynyň ulanylmagyny resmi taýdan oňlan Merkezi Aziýadaky ilkinji döwlet bolup, bu sanjymy bellige alan ýurtlaryň ilkinji onlugyna girdi. Habar berlişi ýaly, häzirki wagtda bu sanjymyň synag işlerini geçirmäge girişildi.

Şu mejlisde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine Russiýa Federasiýasynda üstünde işlenilýän “EpiWakKorona” diýen täze sanjymyny, şeýle hem beýleki hyzmatdaş ýurtlaryň derman serişdelerini we sanjymlaryny Türkmenistanda bellige almak boýunça işleri dowam etmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Sputnik V bilen bagly degişli synaglar tamamlanansoň, ony Türkmenistana uly mukdarda getirmek we sanjym işlerine tapgyrlaýyn girişmek meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Owganystan Türkmenistan bilen özara söwdany giňeltmek isleýär
Putin: Russiýa bilen Päkistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk sebitiň howpsuzlygyny ýokarlandyrar
Sputnik V waksinasynyň ulanylyş möhleti ýarym ýyldan bir ýyla çenli uzaldyldy
Sputnik V Russiýanyň taryhynda iň köp eksport edilýän derman serişdesi boldy
Taryhda bu hepde 19-njy awgust
Papua-Täze Gwineýada kofe we palma ýagy ministrlikleri döredildi
Serdar Berdimuhamedowyň ŞHG-niň Samarkantda geçiriljek sammitine gatnaşmagyna garaşylýar