Türkmenistanda şu ýyl 1 million 250 müň tonna ak altyn ýygnamak meýilleşdirilýär

Türkmenistanda şu ýyl 1 million 250 müň tonna ak altyn ýygnamak meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 22-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Kararyň taslamasy hödürlenip, oňa laýyklykda, şu ýyl 620 müň gektar meýdanda gowaça ekip, 1 million 250 müň tonna hasyl ýygnamak meýilleşdirilýär.

Milletiň Lideri Türkmenistanda 2021-nji ýylda gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek hakynda Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi we degişli görkezmeleri berdi.

Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimliklerine:

- ýerleriň kärendeçileriniň, peýdalanyjylarynyň we eýeleriniň işini ýokary derejede guramak arkaly 2021-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmek;

- gowaçanyň tohumlaryny etraplar boýunça toprak-howa şertlerine görä, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan tassyklanan meýilnama laýyklykda ýerleşdirmek tabşyryldy.

Pagta öndürijiler bilen şertnama baglaşmak esasynda olary agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda amatly möhletlerde:

- Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine gowaça ekiljek meýdanlary ýokary hilli gowaça tohumynyň ýeterlik möçberi bilen, ýerleri ekişe taýýarlamak, gowaça ekmek, oňa ideg etmek we pagta ýygmak bilen bagly tehniki hyzmatlar bilen üpjün etmek;

- Suw hojalygy baradaky döwlet komitetine degişli suwaryş suwy bilen üpjün etmek;

- “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine dökünleriň degişli möçberi bilen üpjün etmek tabşyryldy.

Ýene degişli makalalar

2024-nji ýylda degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
Serdar Berdimuhamedow häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi
Prezident daýhanlaryň çözülmeýän meselesini çözýärmi ýa çigişdirýär?
Serdar Berdimuhamedow häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi
Bugdaýyň, pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlary ýokarlandy, ýeňillikli azyk paýlary gymmatlady
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi