Türkmenistanda syýahatçylyk operatorlarynyň jogapkärçiliginiň ätiýaçlandyrylyşy girizildi

Türkmenistanda syýahatçylyk operatorlarynyň jogapkärçiliginiň ätiýaçlandyrylyşy girizildi

Türkmenistanda syýahatçylyk operatorlarynyň jogapkärçiliginiň meýletin ätiýaçlandyrylyşy girizildi. Ätiýaçlandyryşyň bu täze görnüşi syýahatçylyk hyzmatlarynyň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga hem-de syýahatçylyk operatorlaryň we syýahatçylaryň bähbitlerini goramaga gönükdirilendir. Bu barada “Daşoguz habarlary” gazetiniň penşenbe günündäki sanynda habar berildi.

Ätiýaçlandyryş şertnamasy syýahatçylyk möhletine baglaşylýar. Ol ätiýaçlandyrýanyň bellenen görnüşdäki ýazmaça arzasynyň ýa-da sanly hyzmatlar arkaly elektron görnüşinde ýüz tutmasy esasynda baglaşylýar.

Türkmenistanyň Döwlet Ätiýaçlandyryş guramasy tarapyndan hödürlenýän bu täze hyzmat milli ätiýaçlandyryş bazarynyň mümkinçiliklerini giňeldýär we syýahatçylyk ulgamynyň ähli gatnaşyjylarynyň bähbitleriniň goraglylygyny üpjün edýär.

Syýahatçylyk operatorlyk işi syýahatçylyk işine ygtyýarnamasy bolan, syýahatçylyk agentlerine hem-de syýahatçylara syýahatçylyk howpsuzlygyny döretmek boýunça ýuridik şahslaryň amala aşyrýan işidir.Syýahatçylyk operatory syýahatçylygy guramak boýunça hyzmatlary etmekde aýratyn hukuga eýedir.

Töwekgelçilikleriň ýüze çykmagy sebäpli syýahatçylaryň wagtlaýyn bolýan ýa-da üstaşyr geçýän ýurdunda olaryň ömrüne, saglygyna ýa-da emlägine zyýan ýetmek howpunyň ýüze çykandygyna şaýatlyk edýän ýagdaýlar zerarly syýahatyň tamamlanmagy ätiýaçlandyrýanyň syýahatçylaryň öňündäki jogapkärçiligi bolup durýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Resmi habarlar
11.09.2020 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09.2020 | Resmi habarlar
Resmi habarlar
26.03.2020 | Resmi habarlar