Türkmenistanyň ýygyndysynyň türgenleri ýeňil atletika boýunça Samarkantda geçen IV Merkezi Aziýa açyk çempiýonatynda alan medallarynyň sany boýunça ikinji ýeri eýeledi.
Olar 3 altyn, 5 kümüş we 3 bürünç medaly gazandylar diýip “Halk sözi” Халк сузи gazýetine salgylanyp, hökümetiň tarapdary bolan neşir ýazýar.
Birinji ýeri Özbegistan (25 altyn, 27 kümüş we 27 bürünç), üçünji ýeri bolsa, Gyrgyzystan (3 altyn, 3 kümüş we 1 bürünç) medallar bilen eýelediler.
Halkara oýunlarynyň çäginde ýeňil atletikanyň 41 görnüşi boýunça 58 medal üçin bäsleşildi.
Türkmenistanyň ýygyndysynda altyn medaly 100 metre ylgamakda (12.122 sekunt) Walentina Meredowa, togalak agyr demir zyňmakda (69,10 metr) Mergen Mämmedow we ýadro zyňmakda (16,08 metr) Maksat Mämmedow dagy gazandylar.
Maksat Mämmedow disk zyňmakda (52,41 metr) kümüş medaly hem gazandy diýip neşir habar berýär.The post Türkmenistanly türgenler ýeňil atletika boýunça Merkezi Aziýa açyk çempiýonatda medallarynyň sany boýunça ikinji orny eýeledi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.