Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň sebitdäki döwletleriň gümrük edaralary bilen gatnaşyklary ösdürilýär

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň sebitdäki döwletleriň gümrük edaralary bilen gatnaşyklary ösdürilýär

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy ozal gol çekilen şertnamalaryň çäginde sebitdäki döwletleriň gümrük edaralary bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge we ösdürmäge gönükdirilen işleri yzygiderli alyp barýar.Ine, 2021-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Owganystan Yslam Respublikasyndan kärdeşleri bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşdylar.

Duşuşykda iki tarapyň arasynda elektron gümrük maglumatlary alyşmagyň Tehniki şertleri baradaky Teswirnamanyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.Bu taslama Türkmenistanyň Hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda gümrük işlerinde hyzmatdaşlyk we özara kömek bermek baradaky Ylalaşygyň çäginde işlenip düzüldi.

Bu Teswirnamany durmuşa geçirmek üçin maglumat alyşmak boýunça bilelikdäki iş toparyny döretmek baradaky tekliplere hem seredildi.Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we Owganystan Yslam Respublikasynyň Gümrük departamenti tarapyndan agzalan Tehniki şertler tassyklanandan soňra, Teswirnamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine girişiler.

Duşuşygyň ahyrynda Taraplar mundan beýläk hem netijeli hyzmatdaşlyk etjekdiklerine ynam bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti BGG-niň Hemişelik Tehniki komitetiniň sessiýalaryna gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Awstriýa bolan saparynyň çäginde üç sany halkara resminama gol çekildi
Türkmenistanyň ilçisi Gruziýanyň Tehniki uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy
Türkiyäniň gury ýerdäki buzluklary Global ýylylyk sebäpli ýok bolmak howpunyň astynda
Daşoguz şäherindäki motor-abatlaýyş zawodynda iş gurallary öndürilýär
Türkmenistan bilen FAO suwy tygşytly peýdalanmak boýunça taslamany işe girizer
ARKADAG ŞÄHERINIŇ GÖROGLY ADYNDAKY DÖWLET ATÇYLYK SIRKI