Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Aziýanyň kubogy - 2023-iň ilkinji saýlama duşuşygyny Malaýziýanyň ýygyndysy bilen geçirer

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Aziýanyň kubogy - 2023-iň ilkinji saýlama duşuşygyny Malaýziýanyň ýygyndysy bilen geçirer

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy indiki ýyl Hytaýda boljak Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň saýlama duşuşyklaryny Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde geçirer.

Milli ýygyndymyzyň ilkinji garşydaşy ýer eýeleri ― Malaýziýanyň ýygyndysy bolar. Türkmenistan ― Malaýziýa duşuşygy 8-nji iýunda geçiriler. Şol gün E toparçanyň ugurdaş duşuşygynda Bahreýniň we Bangladeşiň futbolçylary güýç synanyşar.

Türkmen futbolçylarynyň 11-nji iýundaky garşydaşy Bangladeşiň ýygyndysy bolar. Şol gün beýleki duşuşykda Malaýziýa bilen Bahreýn bäsleşer.

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy toparçadaky üçünji duşuşygyny, iň güýçli garşydaşy Bahreýniň garşysyna geçirirer. Bu duşuşyk 14-nji iýunda bolar. Şol gün Malaýziýa bilen Bangladeşiň ýygyndylary hem öz aralarynda duşuşyk geçirer.

Saýlama tapgyryň düzgünnamasyna laýyklykda, alty toparçanyň ýeňijileri we ikinji orny eýelänleriň iň gowy bäşisi yklym ýaryşynyň final tapgyryna çykmaga hukuk gazanar. Türkmenistanyň futbol ýygyndysy bu hukugy taryhynda iki gezek gazanyp bildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň futbol boýunça U-23 ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama tapgyrynyň bije çekişligine birinji torbadan gatnaşar
Futzal boýunça Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama tapgyrynyň bijeleriniň haçan çekiljekdigi belli boldy
Daşary ýurt dili Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlary üçin hökmany synag boldy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy ýene 13 çaganyň operasiýasyny goldady we beýleki habarlar
Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlaryny bildi
Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Dünýä çempionaty ― 2026-nyň saýlama tapgyryndaky garşydaşlaryny 27-nji iýulda biler
Ahalyň Çempionlar ligasyndaky garşydaşlary 24-nji awgustda belli bolar
Fahrettin Altun YHG-na agza ýurtlaryň resmileri bilen ikiçäk duşuşyklar geçirdi