2023-nji ýylda Hytaýda geçiriljek futbol boýunça Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň üçünji saýlama tapgyry üçin çekilen bijelerde Türkmenistanyň milli ýygyndysy Bahreýniň, Malaýziýanyň we Bangladeşiň ýygyndylary bilen E toparçany emele getirdi. Bu toparçanyň duşuşyklary Malaýziýada geçiriler.
Bije çekişlik dabarasy şu gün Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde ― Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň merkezi edarasynda onlaýn görnüşinde geçirildi.
Bije çekişligiň netijesinde jemi 6 toparçanyň düzülendigini hem aýtmak gerek. Olaryň ýeňijileri we toparçalarda ikinji orny eýelän ýygyndylaryň iň gowy bäşisi ― jemi 11 ýygyndy Aziýanyň kubogy ― 2023-iň final tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar.
Duşuşyklar şu ýylyň 8, 11 we 14-nji iýuny günlerinde merkezleşdirilen görnüşde geçiriler.
Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň final tapgyryna geljek ýyyň 16-njy iýunynda badalga berler. Ol Hytaýyň 10 şäherinde: Pekin, Týanszin, Şanhaý, Çunsin, Çendu, Sian, Dalýan, Sindao, Sýamyn we Suçžou şäherlerinde geçiriler.