Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli döredijilik bäsleşikleri geçiriler

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli döredijilik bäsleşikleri geçiriler

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurtda döredijilik bäsleşikleriniň birnäçesi geçiriler. Olaryň käbirine halkara derejesi berler. Bu barada 22-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa hasabat berdi.

Degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, şanly senä bagyşlanan dürli bäsleşikler yglan edilýär. Döredijilik bäsleşikleriniň birnäçesi gazetleriň we žurnallaryň redaksiýalary tarapyndan yglan edildi. Bu ugurdaky işler dowam etdiriler.

Şu ýyl geçiriljek halkara çäreleriň hatarynda daşary döwletleriň estrada aýdymçylarynyň gatnaşmagynda meşhur türkmen aýdymyny ýerine ýetirmegiň ussatlygy boýunça halkara bäsleşigini, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş dizaýnerleriniň arasynda bezeg işleri boýunça halkara bäsleşigini yglan etmek göz öňünde tutulýar.

2021-nji ýylda türkmen paýtagtynda geçiriljek halkara sport ýaryşlaryny ýokary derejede alyp görkezmek we teswirlemek işlerini ýola goýmak maksady bilen, şu ýylyň maý aýynda sport ýaryşlaryny teswirleýjileriň arasynda bäsleşik yglan etmek meýilleşdirilýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, täze zehinleri ýüze çykarmakda ilaty, aýratyn hem ýaşlary döredijilige çekmekde döredijilik bäsleşiklerini geçirmegiň ähmiýetini nygtady.

Şunuň bilen birlikde, eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara bäsleşikleriniň guralmagy ýurdumyzyň häzirki döwürde dürli ulgamlarda gazanýan üstünliklerini, halkymyzyň baý medeni-taryhy mirasyny wagyz etmäge ýardam eder diýip, döwlet Baştutany aýtdy we wise-premýere degişli çäreleri türkmeniň ruhuna mahsus ýagdaýda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda bilelikdäki arheologiki gazuw-agtaryş işleri dowam etdiriler
Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň Döwlet reýestri kitap görnüşinde çap ediler
Paryzdepe ýadygärliginiň dag eteklerinde üýtgeşik käriziň üstünden baryldy
Türkmenistanda BMG-Habitat-yň Sebitleýin edarasyny açmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy
Malaýziýanyň Parlamentiniň wekiller Palatasynyň Başlygy Türkmenistanda saparda bolar
Türkmenistan we Malaýziýa köpçülikleýin habar beriş ulgamynda hyzmatdaşlygy ýol goýmagy meýilleşdirýär
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi