Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Halkara sergi geçirilýär

1-nji dekabrda Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan Halkara sergi açyldy.

Ýurdumyzyň gazananlaryny hem-de ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny ösdürmekde döwrebap meýilleri öz içine alan foruma ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 37-si, teleýaýlymlaryň 6-sy, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşýar.

12 gün dowam etjek hem-de dürli işewürlik çärelerini öz içine aljak wideomaslahat görnüşinde geçirilýän baýramçylyk sergisine daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri hem gatnaşar.

Sergi merkeziniň meýdançasynda döwlet we hususy düzümleriň, şol sanda her pudagyň gazananlaryny we mümkinçiliklerini wideogörnüşde tanyşdyrýan ministrlikleriň, dolandyryş edaralarynyň, iri kärhanalaryň diwarlyklary ýerleşdirildi.

Sergi Diýarymyzyň işewür toparlarynyň öndürýän halkara hil ölçeglerine kybap gelýän dürli önümleri, artýan eksport kuwwaty bilen tanyşmaga mümkinçilik döredýär.

Halkara serginiň mowzyklaýyn bölümleri Türkmenistanyň daşary döwletler bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň esasy ugurlaryny açyp görkezýär. Forumyň her bir güni milli ykdysadyýetimiziň ulgamlarynyň birine bagyşlanýar.

Bölümler boýunça geçirilen mejlisleriň çäklerinde türkmen harytlaryny dünýä bazaryna çykarmaga, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga ýardam edýän guramalaryň işine bagyşlanan habarlar beýan edildi. Şolaryň hatarynda “GS1” bitewi ölçegleri döretmek we ornaşdyrmak boýunça halkara düzümiň doly hukukly agzasy bolan ştrih-kodlar boýunça milli gurama, eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan baş döwlet edarasynyň wezipesini ýerine ýetirýän Döwlet haryt-çig mal biržasy bar.

Sergi zalynyň ýörite meýdançasynda “ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawynda mynasyp orun eýeleýän türkmen halysy milli guwanjymyzdyr” atly tanyşdyryş çäresi boldy. Çäre “Türkmenhaly” döwlet birleşigi tarapyndan guraldy.

Dokma senagaty ministrligi hem-de TSTB, şeýle hem “Asman” we “Mähirli zenan” modalar öýleri bilelikde täze tikin önümleriniň görkezilişini guradylar.

Günüň ikinji ýarymynda Söwda senaşat edarasynyň kiçi mejlisler zalynda “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly “tegelek stol” maslahaty geçirildi.

Çäreleriň hatarynda wideoaragatnaşyk görnüşindäki ylmy-amaly maslahatlar, ýygnaklar, duşuşyklar, “tegelek stollar”, işewür duşuşyklar bar, şolaryň jemleri boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk hakynda resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.

Türkmen bazarynda üstünlikli işleýän hem-de uzakmöhletleýin esasda işewür gatnaşyklaryny ýola goýmaga gyzyklanma bildirýän ýurdumyzyň geljekki hyzmatdaşlary onlaýn görnüşde öz tekliplerini beýan ederler.

Maslahatlara hem-de “tegelek stollaryň” mejlislerine gatnaşyjylar geljegi uly taslamalar, şol sanda “akylly şäher” taslamasyny amala aşyrmak bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.

“Sanly çözgütler-2020” atly innowasion taslamalaryň bäsleşiginiň netijeleri jemlener, Sanly. tm täze milli elektron poçtasy hem-de “tmchat” programmasynyň messenjeri bilen tanyşdyryş çäresi, “Türkmen sähra-2020” hem-de Ylymlar akademiýasynyň alymlarynyň ylmy işleriniň wirtual sergisi guralar. Sergä gatnaşyjylar we onuň myhmanlary Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň şanyna çykarylan täze neşirler bilen hem tanşyp bilerler.

Serginiň ýapylyş dabarasy 12-nji dekabrda, tutuş dünýäde Halkara Bitaraplyk gününiň bellenilýän güni geçiriler.

The post Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Halkara sergi geçirilýär appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Mähirli Zenanyň lybaslary Daşkent seýilgähiniň açylyş dabarasyna bezeg berdi
Türkmen howa ýollary sentýabr aýynda Türkiýä 9 ýolagçy uçuşyny amala aşyrar, Aşgabatda Moda hepdeligi geçiriler, Türkmenistanyň Prezidenti mekdep uçurymlaryna harby gulluga çagyryş möhletini wagtlaýyn yza süýşürmäge mümkinçilik berýän kanuna gol çekdi
Aşgabatdaky Moda hepdeligi Mähirli Zenanyň lybaslarynyň görkezilişi bilen tamamlandy
Turkmenportal BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk baglaşdy, Hytaýyň awtoşaýlary ýüklenen otlusy Türkmenistanyň çäginden geçip gider, Aşgabatda moda hepdeligi tamamlandy
Mähirli Zenan täze güýzki egin-eşik toplumyny hödürleýär
Türkmenistanda Garaşsyzlyk güni bellenildi, Serdar Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow Aşgabatda duşuşyk geçirdiler, Burj-Halifa binasy türkmen baýdagynyň reňkleri bilen reňklendi
Mähirli Zenan HK boş iş orny barada habar berýär