Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda iş maslahatyny geçirdi

24-nji noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Balkan welaýatynda iş saparynda bolmagynyň çäklerinde Milli Geňeşiň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň hem-de ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Onda Awaza milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de ösdürmek, sebitiň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, Hazaryň özboluşly tebigy şertlerini syýahatçylygyň ösdürilmegine gönükdirmek we türkmen topragynyň bu täsin künjeginiň ekologik abadançylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň hem depginini ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belläp, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy dynç alyş zolagynyň çägini giňeltmek we Hazaryň ekologik taýdan arassa kenarynda syýahatçylyk ulgamynyň desgalarynyň gurluşygyny çaltlandyrmak meseleleriniň wajypdygyny nygtady. Şunda milli şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilişinde bolşy ýaly, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň binalarynyň bezeg aýratynlyklaryna, onuň yşyklandyryş ulgamyna we bu künjegiň ekologik hem-de abadançylyk ýagdaýyna aýratyn ähmiýet berilmelidir, bu işlere ýaş binagärleriň, degişli ugurlar boýunça bilim alýan talyplaryň işjeň çekilmegi zerurdyr diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we Hazaryň kenarynda emele gelen syýahatçylyk zolagynyň halkara derejedäki abraýynyň belende galmagy ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi.

Ýene degişli makalalar

Dowamatdyr bu gün ýoluň Pyragy
Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy gutlady
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ FEDERAL ÝYGNAGYNYŇ FEDERASIÝA GEŇEŞINIŇ BAŞLYGYNYŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
Telefon arkaly söhbetdeşlik
Milli Liderimiziň Arkadag şäherine iş sapary
Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentine Gutlag iberdi
Türkmenistanda Aşgabat Türkmenabat awtomobil ýolunyň Tejen Mary böleginiň açylyş dabarasy boldy