Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2021-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.Mejlisde döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taýýarlanylan taslamalaryna garaldy, diýip TDH habar berýär.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi.Wise-premýer Aşgabat şäherinde ýerleşýän käbir binalary hususylaşdyrmak hakyndaky Kararyň taslamasy hem-de Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar baradaky komitetde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmak hem-de olary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek boýunça degişli işleriň geçirilendigi aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Aşgabat şäherinde ýerleşýän degişli söwda dükanlaryny, restorany we söwda öýüni olaryň işiniň esasy ugurlaryny we iş ýerlerini saklap galmak şertinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna göni (salgyly) hususylaşdyrmak baradaky Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmak, uglewodorod çig malynyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän mukdaryny artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna turbalary satyn almak barada Kararyň taslamasy hödürlenildi.Döwlet Baştutanymyz “Türkmennebit” döwlet konserniniň dürli ölçegli buraw turbalaryny satyn almagy hakyndaky” Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi we degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda, hususan-da, elektroenergetika we gurluşyk pudaklarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow Tiirkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamaga rugsat almak meselesi barada hasabat berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow dokma önümleriniň elektron söwda binýadyny döretmek barada geçirilýän işler hakynda hasabat berdi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinýazow milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa “Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň” hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada hasabat berip, degişli Kararyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen taslamany makullap, Karara gol çekdi hem-de ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberip, onda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän Ministrler Kabinetiniň mejlisine Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowy çagyrdy.Ministr daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda Germaniýanyň öňdebaryjy klinikalary we olaryň tejribeli professor-lukmanlary bilen ýola goýlan gatnaşyklar barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew şu günler ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň dowam edýändigi, gowaça hasylynyň düýbüni tutmak boýunça ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işleriniň geçirilýändigi barada hasabat berdi. Şunda ýerleri gowaça ekişine taýýarlamak, pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk çigitleri taýýarlamak işleri utgaşykly alnyp barylýar.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler minisrti R.Meredow Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň BOMСA we CADAP Maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.Wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 2021-2025-nji ýyllara gönükdirilen СADAP maksatnamasynyň 7-nji tapgyry we BOMCA maksatnamasynyň 10-njy tapgyry boýunça maliýe ylalaşyklarynyň taslamalaryny hödürledi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň bu möhüm ulgamda giň hyzmatdaşlyk ugrunda çykyş edýändigini belläp hem-de hödürlenen teklipleri makullap, wise-premýere, daşary işler ministrine bu babatda anyk tabşyryklary berdi.Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk binýadyny kämilleşdirmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasat başlangyçlaryny öňe ilerletmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow ýurdumyzda jemgyýetçilik durnuklylygyny saklamak, giň gerimli harby özgertmeleriň durmuşa geçirilişiniň barşy barada hasabat berdi. Şol özgertmeleriň esasy ugurlary Milli goşunyň goranyş kuwwatyny döwrebaplaşdyrmakdan we pugtalandyrmakdan, tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmakdan, harby işgärleriň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmakdan hem-de harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakdan ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkymyzyň parahat, asuda durmuşynyň we döredijilikli zähmetiniň kepili bolan Ýaragly Güýçleriň goranyş kuwwatyny yzygiderli pugtalandyrmagyň hem-de harby mümkinçiligi artdyrmagyň örän wajypdygyny nygtap, Garaşsyz Türkmenistanyň öz Bitaraplyk derejesine hemişe ygrarly bolandygyny we şeýle boljakdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge degişli anyk tabşyryklary berip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň sütünlerini berkitmekde hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň ählisiniň üstünlikli amala aşyrylmagynyň gözbaşy bolan jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýy saklamakda bu düzümleriň eýeleýän uly ornuny aýratyn nygtady.

Milli Liderimiz Watan goragçylarynyň gününi baýram etmäge degişli meselelere geçip, bu senäni ýokary derejede geçirmegi hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllygyny mynasyp garşylamaga ykjam taýýarlyk görmegi tabşyrdy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümetiň agzalaryna ýüzlenip, ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly ýubileý ýylynyň ähmiýetini belledi.

Geçen 30 ýylyň içinde mähriban halkymyzyň giňden goldamagynda eziz Diýarymyzda köp işler amala aşyryldy.Köpsanly möhüm wezipeler çözüldi, şäherlerimiz we obalarymyz döwrebap derejede düýpli özgerdi.Döwlet Baştutanymyz bu taryhy we uzak maksatlary nazarlaýan tutumly işleri durmuşa geçirmekde her bir ýolbaşçynyň mynasyp goşandynyň bardygyny belläp, olaryň işine mynasyp baha bermegiň hem-de baýramçylyk mynasybetli tapawutlananlary döwlet sylaglary bilen sylaglamagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu işlere dogry baha bermek üçin, her bir ýolbaşçynyň işjeňlik we zähmet sypatlaryny, şeýle hem Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň ösüşine goşan hakyky goşandyny anyk görkezýän häsiýetnamany taýýarlamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlaryň hemmesine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Ministrler Kabinetiniň we Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi