2021-nji ýylyň 26-njy fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy, diýip TDH habar berýär.
Ilki bilen Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi.Wise-premýer Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagynyň eksport kuwwatyndan netijeli peýdalanmak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Soňra wise-premýer Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyny baýram etmäge görülýän taýýarlyk boýunça çäreleriň durmuşa geçirilişi hem-de şanly sene mynasybetli Dabaralaryň we çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen Karara gol çekip, ony wise-premýere elektron resminama dolanyşygy arkaly iberdi.Döwlet Baştutanymyz bu resminamanyň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyryp, paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň taryhyndaky bu şanly sene bilen baglanyşykly möhüm wakalaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň obasenagat toplumynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler, onuň netijeliligini ýokarlandyrmak, gazanylan ösüş depginini saklamak, ýer we suw serişdelerini netijeli ulanmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak hakyndaky Buýrugyň taslamasyny hödürledi.
Milli Liderimiz hödürlenen resminama gol çekip we ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberip, Buýrugyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi tabşyrdy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek sergä we maslahata görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk çärelerini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň bahar paslynyň ilkinji aýynda bellenýän baýramçylyk mynasybetli, Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda konsertleri, dürli maslahatlary, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny hem-de wagyz-nesihat çärelerini geçirmek meýilleşdirildi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow türkmen-eýran serhedindäki “Dostluk” demir ýol köprüsiniň üstünden geçýän ikinji demir ýol şahasyny birikdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow Türkmenistanyň “Altyn nesil” atly çagalar guramasyny döretmek boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi.
Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan şahadatnamanyň şekil taslamasyny hödürledi.Hormatly Prezidentimiz şahadatnamanyň şekil taslamasyny makullap, bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmek barada wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin edaralaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de nebitiň çykarylýan mukdaryny artdyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň käbir beýleki meselelerine hem garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.