2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi.Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň möhüm meselelerine garaldy.
Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowy göni wideoaragatnaşyga çagyrdy.Wise-premýer ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň ösüşiniň şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi, diýip TDH habar berýär.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow ulag-aragatnaşyk ulgamyna degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de gurluşyk we senagat, energetika toplumynda, “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde hem-de paýtagtymyzda durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gözegçilik edýän söwda we dokma toplumlarynda, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Soňra wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa çagyryldy.Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat bermek bilen, şu döwürde dürli medeni çäreleriň, şol sanda sergileriň, döredijilik bäsleşikleriniň, duşuşyklaryň, aýdym-sazly dabaralaryň, maglumat-düşündiriş işleriniň we durmuş-medeni maksatly desgalaryň ulanmaga berilmegi mynasybetli beýleki çäreleriň geçirilendigini habar berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat bermek bilen, gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada habar berdi.
Tutuş obasenagat toplumy boýunça önüm öndürmegiň, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüşi 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 105,4 göterime deň boldy.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmek hem-de döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen baglylykda, Daşary işler ministrliginiň ýanwar — noýabr aýlarynda alyp baran işiniň netijeleri barada hasabat berdi.
Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa milli parlamentiň täze kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak we ozal bar bolanlaryny kämilleşdirmek boýunça şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada maglumat berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, hormatly Prezidentimiziň bu ulgamda häzirki zaman tehnologiýalaryny hem-de öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak boýunça harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňde goýan wezipelerini öz wagtynda hem-de takyk ýerine ýetirmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz mejlisi dowam edip, şu ýylyň on bir aýynda ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerini jemledi.Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, şol netijeler Türkmenistanyň daşary we içeri syýasatynyň bitaraplyk, parahatçylygy söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk kadalaryna berk eýermek esasynda amala aşyrylýandygyny görkezýär.
Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýene-de bir kitaby ýazyp, tamamlandygyny aýtdy.Bu kitap Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany diýip atlandyryldy. 1995-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Konstitusion kanunyň kabul edilmegi Garaşsyz ýurdumyz üçin saýlap alan ösüş ýolumyzy kesgitledi.
Biz ony hemişelik Bitaraplyk diýip atlandyrdyk diýip, milli Liderimiz nygtady.Hormatly Prezidentimiz täze kitabyň gyzykly we peýdaly boljakdygyna ynam bildirip, bu eseriň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyna sowgat boljakdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa, wise-premýer M.Mämmedowa hem-de hökümet Baştutanynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa ýüzlenip, olaryň Bitaraplyk baýramyna çenli galan wagtyň içinde bu kitabyň tanyşdyryş dabarasyny geçirip biljekdiklerini aýtdy.
Olar bu kitaby mejlisden soň alarlar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.