Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýylyň öňüsyrasynda Ruhyýet köşgünde Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu ýyl üçin bilelikdäki soňky mejlisini geçirdi. Şeýle hem mejlise Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri çagyryldylar, diýip TDH habar berýär.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi.Ol döwlet Baştutanymyzyň geljek ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça öňde goýan wezipeleriniň ýerine ýetirilişi barada maglumat berdi.Ol 2021-nji ýyly “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýip yglan etmek hakyndaky teklibi öňe sürdi hem-de Täze ýylyň nyşanynyň taslamasyny milli Liderimiziň garamagyna hödürledi. Şeýle hem milli parlamentiň Başlygy geljek ýylyň nyşanynyň yglan edilen bäsleşigiň netijeleri boýunça saýlanyp alnandygyny habar berdi. Ýygnananlaryň el çarpyşmasy astynda milli Liderimiz geljek 2021-nji ýylyň şygaryny Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany diýip yglan etdi.

Döwlet Baştutanymyz Täze ýyl baýramynyň anna gününe düşýändigi sebäpli, ýurdumyzyň ilatynyň bu baýramy dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, 2021-nji ýylyň 2-nji ýanwaryny iş güni däl diýip yglan etmek barada karara gelendigini aýtdy hem-de degişli Permana gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Täze ýylyň baýramçylyk günlerinde raýatlarymyzyň oňaýly dynç almaklary üçin şäherleriň we obalaryň kadaly durmuş üpjünçiligini ýola goýmakda möhüm şertleri döredýän ähli gulluklaryň nobatçylygyny degişli derejede guramak bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet bermegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ulag-kommunikasiýa toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we pudaklary mundan beýläk-de sanlylaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow ýurdumyzyň bilim, saglygy goraýyş, ylym we sport ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew häzirki döwürde birnäçe durmuş-medeni we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşy hem-de milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň depginini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän söwda we dokma toplumlarynda hem-de telekeçilik ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýlary barada hasabat berdi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak işleri barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we pudaklaryň önümçilik we serişde binýadyny pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa milli Liderimize gözegçilik edýän düzümlerinde ýerine ýetirilýän işleriň netijeleri, 2021-nji ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň maksatnamasynyň taýýarlanylýandygy barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de Watanymyzyň 2021-nji ýylda giňden belleniljek mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreler we milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisine çagyrylan Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlerine söz berildi.Häkimler häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda Täze ýyly mynasyp garşylamak we geljek ýyl üçin kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň maksatnamasynyň işlenip taýýarlanylandygy barada hasabatlar bilen çykyş etdiler. Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli harby özgertmeleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdiler.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow degişli düzümlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow çykyşynyň başynda milli Liderimizi şu günki mejlise gatnaşyjylaryň adyndan Täze, 2021-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan köptaraply işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini tamamlap, geljek ýylyň şowly bolmagyny, Täze ýylyň täze üstünlikleri we rowaçlyklary getirmegini, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak ugrunda nobatdaky möhüm ädimleri ätmegini arzuw etdi we hemmeleri ýetip gelýän Täze, 2021-nji ýyl bilen gutlady.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi