Türkmenistanyň Prezidenti 13700 metre uçýan täze harby uçarda synag etdi

Türkmenistanyň Prezidenti 13700 metre uçýan täze harby uçarda synag etdi

1-nji awgustda Balkan welaýatyna iş saparynyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow irki maşklary ýerine ýetirenden soň, pyýada we welosipedde gezelenç etdi. Şeýle Ýaragly Güýçleriň ygtyýaryna täze gelip gowşan harby uçarlar, olaryň häsiýetli aýratynlyklary bilen tanyşdy we uçarlaryň birini synagdan geçirdi.

Ilki bilen, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýän türkmen Lideri säheriň sergin çagynda pyýada gezelenç etdi. Döwlet Baştutany pyýada gezelençden soňra, birsellem welosiped sürdi. Soňky ýyllarda ulagyň ekologiýa taýdan arassa görnüşi hasaplanylýan welosiped sporty bilen meşgullanýanlaryň sany artdy. Sportuň bu görnüşi, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda has meşhurdyr.

Soňra türkmen Lideri ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ygtyýaryna täze gelip gowşan harby uçarlaryň ýanyna geldi we harby uçarlar, olaryň aýratynlyklary bilen tanyşdy. Täze uçarlaryň enjamlaşdyrylyşy hem-de ulanyş maksatlary barada gürrüňleri diňläp, döwlet Baştutany harby uçarlaryň we beýleki söweş tehnikalarynyň tehniki aýratynlyklary barada maglumat berýän çyzgylary, şekil taslamalaryny we degişli suratlary synlady.

Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby uçarmanyň ýörite lybasyny geýip, täze harby uçary synagdan geçirmek üçin onuň şturwalynyň başyna geçdi.Döwlet Baştutany harby uçary herekete girizmezden ozal, kada boýunça degişli hereketleri berjaý etdi.

Biraz wagtdan harby uçaryň reaktiw hereketlendirijileriniň sesi giňişligi gurşap aldy. Şondan köp wagt geçmänkä, harby uçar asmana göterildi.Sanlyja salymda döwlet Baştutanynyň erk edýän harby uçary zerur belentlige çykyp, asman giňişliginde birnäçe öwrüm etdi.

Ýaragly Güýçleriň ygtyýaryna gelip gowşan täze harby uçar asman giňişliginde uçuş ugruny dessin üýtgetmäge, görkezme-aňtaw uçuşlaryny amala aşyrmaga ukyplydyr.Harby-howa güýçleriniň öňünde durýan möhüm wezipeleri ýerine ýetirmek, Watanymyzyň howa giňişliginiň ygtybarly goragyny üpjün etmek, aňtaw işlerini geçirmek, gury ýer goşunlarynyň hereketlerini goldamak üçin täze harby uçarda zerur mümkinçilikleriň jemlenendigini bellemek gerek.

Bu harby uçar asmanda erkin peselmek, degişli belentlige çalt galmak ýaly tilsimleri ýerine ýetirýär.Turboreaktiw hereketlendirijiler bilen enjamlaşdyrylan bu uçar harby uçarmanlary taýýarlamak üçin hem ähmiýetlidir.Uçaryň uçuş uzaklygy 2 müň kilometre barabar bolup, onuň iň ýokary uçuş belentligi 13 müň 700 metre deňdir.

Döwlet Baştutany kesgitlenen ugur boýunça ýerine ýetirilýän uçuşyň dowamynda birnäçe öwrümleri amala aşyrdy we söweşjeň tehnikany ussatlyk bilen gondurdy.Goranmak ministri hormatly Prezidentden täze harby uçarda synag uçuşyny amala aşyran pursadynda geýen uçarman lybasyny paýtagtymyzdaky Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen harby mekdebiň muzeýinde goýmaga ygtyýar bermegini haýyş etdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bu teklibi oňlap, harby uçarman lybasynyň Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze guruljak binasynyň muzeýinde goýulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy bilen duşuşdy
Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Akyldar şahyr Magtymguly Pyragy ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.
Magtymguly - ynsan köňlüniň çyragy
Milli Liderimiziň Rönesans Holding kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýäniň Rönesans Holding kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
19-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Oleg Kononenko nobatdaky gezek kosmosa çykar, Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni bellenilýär, agyr atletika boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy dünýä çempionatyna taýýarlanýar we beýleki habarlar