Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleriň maksatnamasy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleriň maksatnamasy bilen tanyşdy

Gurbanguly Berdimuhamedow 19-njy ýanwarda geçiren iş maslahatynda göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowany hem-de medeniýet ministri A.Şamyradowy çagyrdy.

Wise-premýer M.Mämmedowa medeniýet ulgamynda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylda ýaýbaňlandyrylan çäreleri giňden beýan etmek boýunça ýörite maksatnamanyň işlenip taýýarlanandygy we ony üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugurlarynyň kesgitlenendigi barada hasabat berdi.

Medeniýet ministri A.Şamyradow şu ýylyň şanly seneleri mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň medeni maksatnamasy barada hasabat berdi.Eziz Diýarymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan mukaddes seneleriň hormatyna köpöwüşginli aýdym-sazly çykyşlar, bäsleşikler, sergiler we dürli derejedäki maslahatlar guralar.

Ýene degişli makalalar

Halk saz gurallary
Magtymguly Pyragy köňülleriň şamçyragy
AŞTU aragatnaşyk hyzmatlary bermegiň häzirki zaman görnüşlerini ýaýbaňlandyrýar
Trendýol Super Liganyň 13-nji hepdesi tamamlandy
Aşgabatda Reňkler döwürleriň dessany atly sergi gurnaldy
Trendýol Super Liganyň 12-nji hepdesi tamamlandy
Türkmen wekiliýeti ÝUNESKO-nyň wekilleri bilen hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy