Türkmenistanyň Prezidenti Halk hakydasy ýadygärlikler toplumyna gül goýdy

Türkmenistanyň Prezidenti Halk hakydasy ýadygärlikler toplumyna gül goýdy

Şu gün türkmenistanlylar 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen ýatlaýarlar. Paýtagtymyzdaky Halk hakydasy ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Bu barada Türkmenistan gazetiniň elektron görnüşinde habar berildi.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti 1948-nji ýylyň ýertitremesinde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralamak üçin Ruhy tagzym ýadygärligine, faşizme garşy söweşlerde wepat bolan türkmenistanly esgerleriň hem-de Watanymyzyň erkinligi ugrundaky söweşlerde baş goýan gahrymanlaryň hatyrasyna bina edilen Milletiň ogullary we Baky şöhrat ýadygärlikleriniň etegine gül çemenini goýdy.

Döwlet Baştutanynyň göreldesine eýerip, Milli Geňeşiň palatalarynyň ýolbaşçylary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi gül desselerini goýdular. Olara ýurdumyzda hereket edýän diplomatik wekilhanalaryňdyr halkara guramalaryň ýolbaşçylary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, hormatly ýaşululardyr talyplar, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary hem goşuldylar.

Soňra Halk hakydasy ýadygärlikler toplumynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny we söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary ýatlap, sadaka berildi.

Ýene degişli makalalar

Dowamatdyr bu gün ýoluň Pyragy
Serdar Berdimuhamedow Hökümet mejlisini geçirdi
Hokkeý toparlarynyň kapitanlary Türkmenistanyň Prezidentini gutladylar
"Galkan" hokkeý toparyny sylaglamak dabarasyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentine Ýüzlenme kabul etdiler
Türki Dünýäniň Ýaşulylary Aşgabatda Duşuşdy
Türkmenistan Kawasaki kompaniýasy bilen Marykarbamid zawodynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmakda hyzmatdaşlyk eder
Prezident suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak işlerine uly ähmiýet bermegiň zerurdygyna ünsi çekdi