Türkmenistanyň Prezidenti Katarda Niderlandlaryň we ABŞ-nyň futbol oýnuna tomaşa etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Katarda Niderlandlaryň we ABŞ-nyň futbol oýnuna tomaşa etdi

Habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kataryň Emiri Şeýh Tamim ben Hamad Al Taniniň çagyrmagy boýunça Katar Döwletine sapar bilen bardy hem-de bu ýurduň paýtagty Dohada geçirilýän Futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň biriniň hormatly myhmany boldy.

Dohadaky Halifa stadionynyň ýokary derejeli myhmanlara niýetlenen zalynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Kataryň Emiri Şeýh Tamim ben Hamad Al Tani bilen ikiçäk duşuşygy geçirildi.

Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow stadionyň meýdançasynda şol wagt dowam edýän dünýä çempionatynyň 1/8 final oýnunda çykyş edýän Niderlandlaryň we ABŞ-nyň ýygyndy toparlarynyň duşuşygyna tomaşa etdi.

Döwlet Baştutany futbol oýnuna tomaşa etmegini tamamlandan soň, Halifa stadionyndan çykyp, Doha şäheriniň Halkara howa menziline tarap bardy we şol ýerden Aşgabada ugrady.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Milli güni bilen gutlady
Aşgabatda Kataryň Milli gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Katara sapar etdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Erdogan Al Sani Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeş Boldy
Ärdogan Türkiýäniň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy