Türkmenistanyň Prezidenti Şri-Lankanyň Prezidentine suw joşmasy sebäpli gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Şri-Lankanyň Prezidentine suw joşmasy sebäpli gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Anura Kumara Dissanaýakä ýurtda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada sişenbe güni Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Döwlet Baştutany şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Günorta-Gündogar Aziýada soňky bir hepde-de güýçli ýagyş we şemal bilen utgaşýan howa şertleri dowam edýär.

Şri-Lankada suw joşmasy sebäpli azyndan 366 adam heläk bolandygy, 367 adamyň dereksiz ýitendigi, BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirligi habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Tunisiň Mejlisiniň Ozalky Başlygy Tussag Edildi
Aşgabatda geçirilen Baky polk ýörişine 1 müňden gowrak adam gatnaşdy
Täze gaz geçiriji taslamasy türkmen gazynyň Hindistana barmagyna mümkinçilik döreder
Hindistanyň iň köp hak alýan aktýory belli edildi
Ykdysady forum geçirildi
Ýaponiýada aşa ýagýan ýagyşlar sebäpli 360 müň adam howpsuz ýerlere göçüriler