2020-nji ýylyň 14-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi, diýip TDH habar berýär.
Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň paýtagtyny we welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, Täze ýyl baýramyny guramaçylykly geçirmek, şeýle hem gyş paslynyň günlerinde ýerine ýetirilmeli işleriň anyk ugurlary kesgitlenildi.Wise-premýer G.Müşşikow milli Liderimize şu ýylyň dowamynda Aşgabat şäheri hem-de welaýatlar boýunça ýerine ýetirilen işleriň maliýe-ykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Şäher we oba hojalygynyň ähli düzümleriniň ykdysady ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň amala aşyrylýandygy bellenildi.
Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow paýtagtymyzdaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem ilatyň durmuş taýdan üpjünçiligini has-da gowulandyrmak we Täze ýyl baýramyny mynasyp garşylamak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şäheriň çäklerinde amala aşyrylýan gurluşyk işleriniň depginlerini we hilini ýokarlandyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýew häzirki döwürde şäheriň ähli künjeklerinde Täze ýyl baýramy mynasybetli bezeg işleriniň ýaýbaňlandyrylandygy, şol birwagtyň özünde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli gurlup, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň sebitlerine gözegçilik edýän degişli orunbasarlaryny hem-de welaýat häkimlerini çagyrdy.Iş maslahatynyň dowamynda welaýatlaryň häkimleri şu günler ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, Täze ýyl baýramyna görülýän taýýarlyk hem-de durmuş ulgamynyň işini kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işler barada hasabat berdiler.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň welaýatlara gözegçilik edýän orunbasarlary ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, sebitlerde alnyp barylýan işleriň netijeleri barada hasabat berdiler.Bellenilişi ýaly, geçirilýän işlerde welaýatlaryň ilatynyň durmuş taýdan goraglylygyny pugtalandyrmak, hyzmat ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýär.
Döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatyny jemläp, onda paýtagtymyzy hem-de welaýatlary hemmetaraplaýyn ösdürmek bilen baglanyşykly garalan meseleleriň wajypdygyny we şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistan—Bitaraplygyň mekany” şygary astynda geçýän ýyly ýokary görkezijiler bilen tamamlamagyň hem-de geljek ýyl üçin ygtybarly binýady döretmek boýunça kesgitlenen meýilnamalaryň doly derejede we üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz iş maslahaty tamamlap, oňa gatnaşanlara Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmeginiň bähbidine gönükdirilen wajyp wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.