Türkmenistanyň Prezidenti ýokanç keselleri hassahanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy hem-de saglygy goraýyş ulgamyny has-da ösdürmek boýunça wezipeleri kesgitledi

Türkmenistanyň Prezidenti ýokanç keselleri hassahanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy hem-de saglygy goraýyş ulgamyny has-da ösdürmek boýunça wezipeleri kesgitledi

2020-nji ýylyň 13-nji noýabrynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýene bir möhüm desgasynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda 200 orunlyk täze ýokanç keselleri hassahanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy, diýip TDH habar berýär. ...

Ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýat ýokanç keseller hassahanasynyň ýanyna geldi, bu desganyň gurluşygyna mundan laýyk iki ýyl ozal 2018-nji ýylyň noýabr aýynda badalga berildi. Şanly waka mynasybetli bu ýere Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, parlamentiň deputatlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, Ahal welaýatynyň häkimi hem-de saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri ýygnandylar.

Hemmeler döwlet Baştutanymyzy ýokary ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.Döredijilik, aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary baýramçylyga öwüşgin çaýdy.Dabara gatnaşyjylaryň joşgunly elçarpyşmalary bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toý bagyny kesýär hem-de binanyň içine girýär we bu ýerde näsaglar we lukmanlaryň netijeli işlemegi üçin döredilen şertler bilen içgin tanyşmaga girişýär.

Döwrebap lukmançylyk edarasynyň gurluşygy Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan “Nusaý ýollary” hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyryldy.Hormatly Prezidentimiz tanyşlygy hirurgiýa, reanimasiýa we akuşerçilik bölümlerinden başlaýar, bu bölümler binanyň birinji gatynda ýerleşýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tanyşlygy tamamlap, Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi geçirilýän maslahatlar zalyna barýar.Mejlisde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça wajyp wezipelere garaldy, bu ulgamy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi hem-de beýleki meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ilatynyň saglyk ýagdaýyna hemişe uly üns berilýär.Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda öňde durýan gaýragoýulmasyz wezipelere ýygnananlaryň ünsüni çekdi.Milli Liderimiz ýakyn wagtda şular ýaly birnäçe döwrebap lukmançylyk edarasyny gurmagy esasy wezipeleriň hatarynda kesgitläp, ýurdumyzyň Hökümetiniň agzalaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisiniň ahyrynda milli Liderimiz paýtagtymyzda Halkara köpugurly Dikeldiş merkezini gurmak hakynda teklibi goldap hem-de bu babatda degişli tabşyryklary berip, ýygnananlary we mähriban halkymyzy Garaşsyz döwletimiziň ýetip gelýän hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady we hemmelere berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz şu günki waka barada Hormatly myhmanlar üçin kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.Döwlet Baştutanymyz ýokanç keseller hassahanasynyň işgärlerine ýene bir gezek işlerinde üstünlik arzuw etdi hem-de täze açylan edara sowgat hökmünde awtoulag serişdeleriniň açarlaryny gowşurdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara ýygnananlar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

More related articles

Türkmenistanyň Prezidenti dürli pudaklaryň işini guramak boýunça maslahat geçirdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş sapary
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga berdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi