Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmek meseleleri boýunça maslahat geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmek meseleleri boýunça maslahat geçirdi

2021-nji ýylyň 9-njy fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.Onda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary syýasat ugruny amala aşyrmak boýunça geçen, 2020-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi hem-de şu ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi, diýip TDH habar berýär.

Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, degişli düzümleriň hem-de ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.Ilki bilen, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ý.Nuryýewe söz berildi.

Ol institut tarapyndan 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de şu ýyl üçin bellenen meýilnamalar barada hasabat berdi.Milli Liderimiz Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktoryna ýüzlenip, adam hukuklary babatda halkara borçnamalaryň we halkara ynsanperwer hukugyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň işini işjeňleşdirmegi, dünýäde umumy kabul edilen hukuk kadalaryny ýurdumyzyň kanunçylygyna ornaşdyrmak boýunça teklipleri yzygiderli işläp taýýarlamagy tabşyrdy.

Soňra Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýew we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory E.Aýdogdyýew hormatly Prezidentimize 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işler hem-de Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany şygary astynda geçýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýubileý ýylynda bellenen meýilnamalar barada hasabat berdiler.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwrüň talabyna laýyklykda, Halkara gatnaşyklary institutynda hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde täze hünär ugurlaryny açmagyň ýagdaýyny seljermegi, hususan-da, geljekde dürli sebitler, şol sanda Gündogary öwreniş, Amerika we Ýewropa ýurtlary, sanly diplomatiýa, kiberhowpsuzlyk, seljeriş we strategik meýilleşdiriş boýunça ýöriteleşen hünärmenleri taýýarlamagyň mümkinçiligini öwrenmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM-niň 2020-nji ýylda alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.Geçen ýyl daşary syýasat edaralarynyň we diplomatik wekilhanalaryň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek babatda yzygiderli çäreler görüldi. Şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmek we ösdürmek boýunça maksadalaýyk işler amala aşyryldy.

Ikitaraplaýyn hökümetara toparlaryň hem-de beýleki degişli düzümleriň birnäçe mejlisleri, daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda bilelikdäki işewürlik maslahatlary geçirildi.Soňra daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýew döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan, ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge, halkara gatnaşyklar ulgamynda eýeleýän ornumyzy berkitmäge gönükdirilen daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy, hem-de şu ýylyň Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany diýlip yglan edilmegi mynasybetli, 2021-nji ýylyň dowamynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleri hem-de dabaralary ýokary derejede guramak maksady bilen, Daşary işler ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň degişli ministrlikleri hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde işlenip taýýarlanylan ýörite maksatnama barada hasabat berdi.

Bu maksatnamada görkezilen çäreleri we dabaralary ýokary derejede geçirmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, Türkmenistanyň döwletara derejede dostlukly gatnaşyklary hem-de köptaraply hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürjekdigini, abraýly halkara we sebit guramalary bilen oňyn gatnaşyklary giňeltjekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz DIM-niň ýolbaşçylaryna anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa ýüzlenip, Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň hem-de konsullyk edaralarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny, döwlet býujetinden hem-de maliýeleşdirmegiň beýleki döwlet çeşmelerinden bölünip berilýän serişdeleriň öz wagtynda we maksadalaýyk özleşdirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Iş maslahatynyň dowamynda milli Liderimiziň garamagyna Türkmenistanyň ussat diplomaty diýen tapawutlandyryş nyşanyny döretmek hakyndaky Kararyň taslamasy hödürlenildi.Milli Liderimiz Karara gol çekip we şu mynasybetli türkmen diplomatlarynyň ählisini gutlap, ony wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna elektron resminama dolanyşygy arkaly iberdi.

Hormatly Prezidentimiz göni wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

More related articles

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga berdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş sapary