Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzümini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzümini gutlady

28-nji sentýabrda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli Oguz han köşkler toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna döwlet sylaglaryny, nobatdaky harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek dabarasy boldy.

Goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Prezidentiniň, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň Permanlaryny okady.

Soňra döwlet Baştutanymyz milli howpsuzlyk ministri, polkownik G.Annaýewi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ordeni bilen sylaglady.

Soňra döwlet Baştutanymyz içeri işler ministri, polisiýanyň podpolkownigi M.Hydyrowa polisiýanyň polkownigi ýörite adyny dakdy.

Hormatly Prezidentimiz Baş prokuror, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi S.Mälikgulyýewe ýustisiýanyň geňeşçisi hünär derejesini berdi.

Harby gullukçylar Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowa ýokary ynamy üçin hoşallyk bildirip, ýurdumyzda parahatçylygyň we asudalygyň üpjün edilmeginiň, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň çäkleriniň ygtybarly goralmagynyň we kanunylygyň, hukuk tertibiniň pugta berjaý edilmeginiň bähbidine ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
2 aýyň jemine bagyşlanan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisi
3 aýyň jemlerine bagyşlanan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi