Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

2020-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy, diýip TDH habar berýär.Iki dostlukly döwletleriň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, türkmen we özbek halklarynyň bähbitlerine kybap gelýän döwletara hyzmatldaşlygynyň şu günki ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alyşmaga, şeýle hem halkara we sebit syýasatynyň käbir ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçiligiň dörändigine kanagatlanma bildirdiler.

Milli Liderimiziň aýratyn nygtaýşy ýaly, Türkmenistan doganlyk Özbegistan Respublikasy bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklara ýokary baha berýär hem-de duldegşir goňşusy we ygtybarly hyzmatdaşly bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigi aýratyn bellenildi.

Söhbetdeşler iki ýurduň halklarynyň deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygyna aýratyn üns bermek bilen, umumy tagallalaryň netijesinde, soňky ýyllarda döwletara gatnaşyklaryna ösüşiň kuwwatly depgininiň mahsus bolandygyny, munuň bolsa olary täze derejä çykarmaga mümkinçilik berendigini nygtadylar.

Taraplar söwda-ykdysady, ynsanperwer-medeni ulgamlarda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň has-da berkidilmegine özara gyzyklanmany tassyklap, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde hem doganlyk halklarymyzyň bähbidine üstünlikli ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdiler. Şol hyzmatdaşlyk dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň köpasyrlyk däplerine esaslanandyr.

Telefon söhbetdeşliginiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Şawkat Mirziýoýew birek-biregi ýetip gelýän Täze, 2021-nji ýyl bilen gutlap, Özbegistanyň we Türkmenistanyň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk hem-de ähli asylly başlangyçlarda uly üstünlikleri arzuw etdiler.

More related articles

Türkmenistanyň Prezidenti dürli pudaklaryň işini guramak boýunça maslahat geçirdi
Hasyl toýy: türkmen daýhanlarynyň zähmetiniň şanyna dabaralar
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumda sanly ulgam arkaly çykyş etdi
Döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň çäginde gurlan täze dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti daşary syýasy strategiýanyň amala aşyrylyşy boýunça iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy