TÜRKMENISTANYŇ RESMI WEKILLERI ÝHHG-NIŇ YKDYSADY WE DAŞKY GURŞAW FORUMYNYŇ MEJLISINDE ÝURDUMYZYŇ ILERI TUTÝAN UGURLARY BOÝUNÇA ÇYKYŞ ETDI

TÜRKMENISTANYŇ RESMI WEKILLERI ÝHHG-NIŇ YKDYSADY WE DAŞKY GURŞAW FORUMYNYŇ MEJLISINDE ÝURDUMYZYŇ ILERI TUTÝAN UGURLARY BOÝUNÇA ÇYKYŞ ETDI

2022-nji ýylyň 23-24-nji maýynda Polşanyň Lodz şäherinde geçirilen Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Ykdysady we daşky gurşaw forumynyň 2-nji taýýarlyk mejlisine Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy.

Türkmenbaşy halkara deňiz portynyň wekili Türkmenistan üçin ÝHHG bilen ykdysady we daşky gurşawy goramak boýunça hyzmatdaşlygynda ileri tutulýan ugurlar hökmünde ulag arkaly aragatnaşygy ösdürmek we söwdany ýeňilleşdirmek, şeýle hem energiýa howpsuzlygyň wajyplygy bellenildi.

Hazar deňziniň köp sanly söwda ýollaryň çatrygynda ýerleşmegi we Türkmenbaşy halkara portyň amatly ulag merkezi hökmündäki wajyp roly bellenildi.Türkmenistan ýaşyl portlary we transport aragatnaşygyny ösdürmekde, şeýle hem energiýa pudagynda aýal-gyzlaryň ykdysady taýdan güýçlendirilmeginde ÝHHG bilen amaly hyzmatdaşlyga bil baglaýangy bellenildi.

Mejlise gatnaşyjylara Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň arasynda energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamlary we suw dolandyryşy temalaryň galýandygy barada habar berildi. Türkmenistan ÝHHG sebitinde bu maksatlara ýetmäge gönükdirilen çäreleri goldaýandygy we ýurduň iri halkara we sebitleýin taslamalaryna başlamak bilen ulag mümkinçiliklerini yzygiderli artdyrýandygy nygtalyp geçildi.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝEWROPADA HOWPSUZLYK WE HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARYNY KABUL ETDI
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-niň ILATLY NOKATLAR BOÝUNÇA MAKSATNAMASYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI DIREKTORYNYŇ WEZIPESINI WAGTLAÝYN ÝERINE ÝETIRIJINI KABUL ETDI
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HINDISTAN RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINDEN YNANÇ HATYNY KABUL ETDI
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝEWROPANYŇ TÄZELENIŞ WE ÖSÜŞ BANKYNYŇ WISE-PREZIDENTINI KABUL ETDI
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan E-TIR ulgamyny ornaşdyrmak boýunça taslamalaryň üstünde işlenilýär
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARYNY KABUL ETDI