Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti ilat ýazuw üçin zerur bolan enjamlary satyn aldy

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti ilat ýazuw üçin zerur bolan enjamlary satyn aldy

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti BMG-niň Ilat gaznasyndan 2022-nji ýylyň dekabrynda geçiriljek ilat ýazuwynda ulanmak üçin 180 kompýuter, güýçli serwer we ýatda saklaýjy enjam satyn aldy. Bu barada UNFPA-nyň metbugat gullugy habar berdi.

Bu enjamlaryň ilkinji tapgyrydyr. Geljekde Türkmenistan raýatlaryň arasynda geçiriljek soragnamanyň çäginde ilat ýazuwynyň elektron görnüşlerini doldurmakda ulanyljak planşetleri alar. Statistika baradaky döwlet komitetine gowşurylan kompýuterler we serwerler alnan maglumatlary merkezi maglumatlar bazasyna geçirmekde ulanylar.

Ilat ýazuwy 17- 27-nji dekabr aralygynda çenli dowam eder. BMG-niň birnäçe komitetleri Türkmenistana ilat ýazuwyny geçirmäge ýakyndan ýardam berýär.

Ýene degişli makalalar

Stambul Türkiyäniň iň köp ilatly şäheri
5-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy täzelikleri Turkmenportal
Hindistan ilat sany boýunça dünýäde birinji orna çykdy
Aşgabatda UNFPA-nyň gender meseleleri boýunça Geňeşçisi kabul edildi
Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň ýolbaşçy komitetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary UNFPA-nyň wekiliýeti bilen duşuşdy
18-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary